Gyýanlyda täze polimer zawodynyň açylyş dabarasy başlandy

Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda tebigy gazdan polietilen we polipropilen öndürýän Gyýanly gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasy başlandy.

Bu toplum sebitde önümçilik kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge, 381 müň tonna ýokary dykyzlykly polietilen, 81 müň tonna polipropilen we içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan beýleki önümleri öndürmäge mümkinçiligi bolan ilkinji kärhanadyr. Hazarýaka Gyýanly şäherçesinde gazhimiýa toplumynyň gurluşygy «Hyundai Engineering Go.Ltd», «LG International Corp» (Koreýa Respublikasy) we «Toyo Engineering Corp» (Ýaponiýa) kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen şertnama esasynda ýerine ýetirildi.

Kärhanada polietileniň we polipropileniň önümçiligi häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda amala aşyrylar. Çig maly garyndylardan çuňlaşdyrylyn esasda arassalamak bu tehnologiýanyň tapawutly aýratynlygydyr. Netijede kärhana ekologiýa taýdan arassa, halkara standartlaryna laýyk gelýän önümleri öndürer.

Gyýanlyda döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze zawodyň işe girizilmegi diňe bir Türkmenistanyň bazarynda gazhimiýa önümlerine bolan ösýän islegleri kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýerli önümleriň eksportyny hem artdyrmaga ýardam eder. Bu kärhananyň gurulmagy Türkmenistanyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülmekde nobatdaky ädimi boldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014