Kabulda TOPH gaz geçirijisi boýunça forum açyldy

15-nji oktýabrda Kabulda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyna bagyşlanan sergi açyldy. Sergi hususy taraplary bu iri möçberli taslama gatnaşmaga çekmeklige bagyşlandy. TOPH-nyň sergi komiteti taslama gatnaşyjy döwletlerde sergi görkezişlerini geçirmek üçin Owganystanda döredildi.

Bu çäre ilkinji gezek geçirildi. Tolonews owgan saýtynyň habar berşi ýaly, oňa 20 sany kompaniýa gatnaşdy. Komitetiň başlygy Ahmada Samir Matin açylyş dabarasynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, sergi hususy kompaniýalary TOPH-nyň resmi wekilleri bilen tanyşdyrmaklyga we hususy tarapyň taslama gatnaşmagy üçin mümkinçilik döretmeklige gönükdirilendir.

TOPH taslamasynyň Owganystandaky direktory Abdul Rahman Mudjahidiň belleýşi ýaly, Owganystanda TOPH boýunça  deslapky işleriň 95 göterimi tamamlandy we ýakyn wagtda taslama boýunça praktiki işler badalga alar. «Biziň kompaniýalarymyzda oňat inžinerler we tehniki işgärler bar. Olarda bu taslama gatnaşmak we ony durmuşa geçirmeklige mynasyp goşant goşmak üçin ähli mümkinçilikler bar» diýip Muşaraf Muşaraf hususy gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy belledi.

«Üstaşyr geçirmek we ibermek — TOPH taslamasynyň möhüm bölegi bolup, ol öz içine turba geçirijiler, gurluşyk materiallaryny we material-tehniki materiallary ibermekligi alýar. Ulag we üstaşyr geçiriji kompaniýalar bu babatda oňat rol oýnap bilerler» diýip Tolonews hususy üstaşyr geçiriji kompaniýanyň ýolbaşçysy Lotfullah Aminiň sözlerini getirýär.

Owganystanyň Söwda-senagat edarasy hökümeti (ACCI) owgan kompaniýalaryny TOPH taslamasyna gatnaşmaklary üçin höweslendirmäge çagyrdy. TOPH sergisi üç günläp Kabulda dowam eder.

Meňzeş täzelikler

2014