Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $81,4, «WTI» - $72,08

15-nji oktýabrda irden nebitiň dünýä boýunça bahalary 1 göterimden gowrak gymmatlady. Moskwa wagty bilen 8:32-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,21 göterim ýokarlanyp, 81,4 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1,04 göterim gymmatlap, 72,08 amerikan dollaryna barabar boldy.

Amerikan senatorlary «Magnitskiniň aktynyň» çäklerinde Saud Arabystanyna garşy çäklendirmeleri girizmek meselesini goýdular. Bu resminama laýyklykda, mümkin bolan ada hukuklarynyň bozulmalary üçin ol ýa-da beýleki daşary ýurtly çinowniklere garşy çäklendirmäni girizmelidigini ýa-da däldigini kesgitlemek üçin ABŞ-nyň Prezidentine 120 gün möhlet berilýär.

Mundan başga-da, Beýik Britaniýa eýýäm çäklendirme girizip biläýjek saudly çinownikleriň sanawyny düzmeklige başlady, diýip Ria Nowosti habar berýär.

14-nji oktýabrda Saud Arabystany bu hili çäklendirmelere has berk çäreler arkaly jogap berip biljekdigini beýan etdi. ABŞ we RF bilen bir hatarda Saud Arabystany hem nebitiň çykarylyşy boýunça dünýä liderleriniň biri. OPEC-iň maglumatlaryna görä, sentýabr aýynda bu ýurtda nebitiň çykarylyşy günde 10,5 mln barrelden geçdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014