Türkmenistan we ÝB energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Energetika bileleşigi Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň Orunbasary Maroş Şewçowiç bilen duşuşygynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bilen energetika ulgamynda özara gatnaşygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Brýusselde şol gün şeýle hem ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Federika Mogerini bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda geljekdäki hyzmatdaşlygyň we aragatnaşygyň nukdaýnazarlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar sebitleýin howpsuzlygyň meselelerine degip geçdiler.

Soňra Ýewropa Komissiýasynyň mobillik we ulag boýunça Kabinetiniň başlygy Matež Zakonşek bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýany Ýewropa ýurtlary bilen birleşdirip biljek ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösüşiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynda durnukly ulag pudagyndaky rezolýusiýalary baradaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, bu ugur boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan strategiýanyň Ýewropanyň we Aziýanyň özara baglanyşygy boýunça Ýewropa Bileleşiginiň strategiýasy bilen gabat gelýändigi bellenildi.

Soňra Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň özara gatnaşygynyň meseleleri Ýewropa Parlamentiniň deputatlarynyň we Ýewropa Komissiýasynyň düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Meňzeş täzelikler

2014