Kenarda nebit önümlerini guýmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamy işe giriziler

Kenar nebit önümlerini saklamak we ýüklemek boýunça kärhanasynda awtomatlaşdyrylan estakady ulanyşa girizmek boýunça işler tamamlanyp barýar. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar berşi ýaly, oktýabr aýynyň ikinji ýarymynda onuň işe girizilmegi bilen kärhana bir günde bir wagtda 28 demir ýol sisternalaryny doldurmaga mümkinçilik alar. Bu ulgam ýeňil nebit önümlerini demir ýol sisternalaryna guýmak prosesini kompýuter arkaly dolandyrmak üçin, şeýle hem maglumatlary işläp taýýarlamak we geçirmek, ugrukdyryjy resminamalary taýýarlamak üçin niýetlenendir.

Türkmenbaşy şäherinden birnäçe kilometrlikde ýerleşen Kenar nebit önümlerini saklamak we ýüklemek boýunça kärhanasy toplumlaýyn telemehanika we teleölçeg (SKADA) ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr we turba geçiriji ulgamlary arkaly Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen birleşdirilendir.

Sisternalary demir ýollarda ýoldurmaklygyň tehnologik prosesini dolandyrmaklyk kompýuteriň kömegi bilen amala aşyrylar. Maksatnama we enjam üpjünçiliginiň hasabyna adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmak mümkinçiligi pese düşýär we nebit önümleriniň hakyky goýberilen mukdarynyň tonnalarda we litrlerde görkezilýän maglumatlary, beýleki zerur bolan maglumatlar ulgamlaşdyrylýar.

Meňzeş täzelikler

2014