Türkmenistanyň we Owganystanyň pudaklaýyn ministrlikleri TOP elektrik geçirijisiniň taslamasy boýunça ylalaşyga gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamasy boýunça ylalaşyga gol çekildi.

Mälim bolşy ýaly, täze energiýa köprüsiniň binýadynyň düýbüniň tutulyş dabarasy Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň we Hindistan Respublikasynyň döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň fewral aýynda geçirilipdi. Şol bir wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäklerinden geçýän böleginiň hem-de TOP optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna badalga berlipdi. Bu şanly wakalara bagyşlanan dabaralaryň çäklerinde taslama gatnaşyjy ýurtlaryň Hökümetleriniň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamy hakynda ylalaşyga gol çekildi.

Ylalaşykda täze elektrik geçiriji ulgam boýunça Owganystana — Hyrada we Gandagara, hersine 300 megawat (jemi 600 megawat) iberiljek elektrik energiýanyň möçberleri kesgitlenildi. Geljekde olaryň möçberini 1 müň megawata çenli artdyrmak maksat edinilýär.

Türkmenistan goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine gönükdirilen anyk ädimleri ädýär. Muňa mysal hökmünde köp ýyllaryň dowamynda ýeňillikli bahalar boýunça elektrik energiýanyň we suwuklandyrylan gazyň iberilmeginiň amala aşyrylmagyny, dostlukly döwletiň energetika düzüminiň uly bölegine öwrülen Ymamnazar — Andhoý hem-de Serhetabat — Hyrat elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny görkezip bolar.

Şu ýylyň tomsunda geçirijilik mümkinçiligi sagatda 100 megawat bolan Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçiriji ugry ulanmaga berildi. Onuň ulanmaga berilmegi bilen, Owganystanyň demirgazyk etraplaryna türkmen elektrik energiýasyny ibermegiň ýene-de bir ugry açyldy. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy ugrunda uly işler geçirildi. Şol işleriň çäklerinde türkmen hünärmenleri elektrik üpjünçiligine degişli desgalaryň ençemesini, şol sanda kiçi beketleri we umumy uzynlygy 112 kilometr bolan elektrik geçiriji ugurlaryny gurdular.

Şeýle hem bu elektrik geçiriji ugrunyň açylyş dabarasynyň çäklerinde “Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Kerki — Hamýap — Garkyn elektrik geçiriji ulgamyny gurmak baradaky meýilnamalary hakynda teswirnama” gol çekilendigini ýatlamak gerek.

Bu gün türkmen energetika senagaty ýokary ösüş depginlerini görkezýär hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän elektrik energiýanyň eksport edilişini artdyrmaga ukyplydyr. Soňky ýyllarda pudagyň düzümini birnäçe gazturbina elektrik stansiýalary, şol sanda Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda gurlan şeýle stansiýalar artdyrdy.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzda öndürilýän elektroenergiýanyň umumy möçberini ýakyn ýedi ýylda 33 milliard kilowat-sagada çenli ýetirmek maksat edinilýär. Pudagyň kuwwatynyň artdyrylmagy türkmen elektrik energiýasynyň, ilkinji nobatda, Owganystan Yslam Respublikasyna eksport edilişini has-da köpeltmäge ýardam berer.

Iki goňşy ýurduň pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň duşuşygynyň barşynda Günorta Aziýa döwletleriniň energiýa serişdelerine bolan barha artýan isleglerini kanagatlandyrmaga we degişlilikde olaryň ykdysady ösüşine ýardam bermäge gönükdirilen täze transmilli energetika geçirijisini döretmegiň örän wajypdygy nygtaldy.

Meňzeş täzelikler

2014