Yslamabatda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýeti bellenilip geçildi

Yslamabatda geçirilen «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň sebitdäki strategiki ähmiýeti» atly okuw maslahatynda hindi we pakistan wekilleri parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýetini belläp geçdiler.

Okuw maslahatynda eden çykyşynda Pakistanyň Parlament işleri boýunça Döwlet ministri Muhammad Ali Hansebitde parahatçylyk we sazlaşyk başlangyçlaryny öňe sürmegiň wagtynyň gelendigini belledi. Ministriň belleýşi ýaly, Pakistan sebitde parahatçylyk isleýär, ol Owganystanda parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen baglydyr. «Biz tutuş sebitiň parahatçylygy üçin zerur bolan Owganystanda parahatçylygy gazanmaga çalyşmalydyrys» diýip ol belledi. Muhammad Aliniň belleýşi ýaly, geçmişdäki ýigrenç zerarly biz birek-birek bilen birnäçe kynçylyklara sezewar bolduk, emma häzir parahatçylygy döretmäge we sebitiň has oňat ösüşi hem-de ählumumy güllemegi üçin tagalla etmäge wagt geldi.

«Premýer-ministr Imran Han hem goňşy döwletler bilen, aýratyn hem Hindistan we Owganystan bilen parahatçylykly gatnaşyklary isleýär» - diýip Parlament işleri boýunça ministr belledi. Onuň nygtaýşy ýaly, TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi sebitde parahatçylygy üpjün etmekde möhüm başlangyçdyr.

Bu taslamanyň energetika we sebit hyzmatdaşlygy üçin möhüm ähmiýete eýedigini belläp, Hindistanyň Pakistandaky Ýokary komissary Ajaý Bisariýa bu taslamanyň hyzmatdaş döwletler üçin parahatçylygyň alamaty bolup durýandygyny nygtady.

TOPH taslamasy sebit aragatnaşygyny we söwdasyny ýokarlandyrmaga ýardam berer, diýip Ajaý Bisariýa Pakistanyň Hindistan bilen gatnaşyklaryna salgylanyp belledi. TOPH taslamasy oňa gatnaşyjy döwletleriň arasynda howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge ýardam eder.

Owganystanyň Pakistandaky wekilhanasynyň başlygynyň orunbasary Zardaşt Şams öz çykyşynda turba geçirijiniň taslamasynyň parahatçylyga we sebit howpsuzlygyna getirjekdigini belledi.

Meňzeş täzelikler

2014