Pakistan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmeklige 2018-nji ýylyň dekabrynda başlar

Pakistan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmeklige 2018-nji ýylyň dekabrynda başlar. Bu barada Measac syýasy meseleleri öwreniş merkeziniň direktory Abdul Rahman Bilal Sitara-e-Jurat sişenbe güni Yslamabatda geçirilen “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň sebitdäki strategiki ähmiýeti” atly okuw maslahatynyň çäklerinde belledi, diýip «Pakistan Observer» habarlar agentligi belledi.

Ol şeýle hem TOPH taslamasyny durmuşa geçirmekligiň iki ýyl dowam etjekdigini belledi. Onuň belleýşi ýaly, Pakistanyň Hökümeti ýakynda Pakistanda taslamany ýerine ýetirmek hakynda nemes kompaniýasy bilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekjekdigini belledi.

Okuw maslahatynyň dowamynda Abdul Rahman Bilal Sitara-e-Jurat jikme jik hasabat bilen çykyş etdi. Onda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň detallary beýan edilýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014