Nebitiň bahalary arzanlamagyny dowam edýär: «Brent» - $81,67, «WTI» - $71,99

Moskwa wagty bilen 8:04-de Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,42 dollar pese düşüp, 81,67 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1,18 dollar aşaklap, 71,99 amerikan dollaryna barabar boldy.

Meksikan aýlagynda «Maýkl» harasady zerarly nebitiň çykarylyşynyň pese düşmek howpuna garamazdan, 10-njy oktýabrda nebitiň bahalary pese düşdi. Söwdalaryň netijesi boýunça Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,91 dollar pese düşüp, 83,09 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1,79 dollar aşaklap, 73,17 amerikan dollaryna barabar boldy.

ABŞ-nyň nebit ätiýaçlyklary 5-nji oktýabrda tamamlanan hepdede 9,75 mln barrel artdy. Benzin ätiýaçlyklary 3,4 mln barrel artdy, distilýatlaryň ätiýaçlyklary 3,5 mln barrel azaldy.

Meňzeş täzelikler

2014