Halkara pul gaznasy 2018-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüşini ykrar etdi

Halkara pul gaznasy 2018-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine garanyňda has çalt depginler bilen ösjekdigini belleýär. HPG-niň dünýä ykdysadyýeti boýunça World Economic Outlook oktýabrdaky hasabatyna laýyklykda, Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 2018-nji ýylda 6,2 göterim, 2019-njy ýylda 5,6 göterim bolar. Bu barada Orient habarlar agentligi belleýär.

Şol bir wagtda sebitdäki goňşy döwletleriň ykdysadyýetiň ösüş depgini pes bolar. HPG-niň çaklamasyna görä, 2018-nji ýylda Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň ykdysadyýetiniň ösüş depgini degişlilikde 3,7 göterim we 2,8 göterim, 2019-njy ýylda bolsa, 3,1 göterim we 4,5 göterim bolar.

Özbegistanyň ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň 2018-nji we 2019-njy ýyllarda 5 göterim derejesinde bolmagyna garaşylýar. HPG bellenilen döwür üçin bu çaklamany Täjigistana hem berýär.

HPG-niň çaklamasyna görä, şu ýyl Türkmenistanda ortaça ýyllyk inflýasiýa 6,2 göterim, indiki ýyl – 5,6 göterim, Gazagystanda – degişlilikde, 6,4 we 5,6 göterim, Gyrgyzystanda – 4,9 we 4,6 göterim, Özbegistanda – 19,2 we 14,9 göterim, Täjigistanda – 5,8 we 5,5 göterim bolar.

Birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýeti dünýäniň ykdysady çökgünliginiň ýaramaz täsirlerini we ýangyç-energetika serişdeleriniň nyrhlarynyň pese düşmegini başdan geçirdi. Çökgünligiň täsirlerini azaltmak üçin Türkmenistanda importyň ornuny tutmak we eksporty artdyrmak boýunça maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Mundan başga-da, senagatlaşdyrmagyň çäklerinde ýurtda nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kärhanalar guruldy, käbirleriniň gurluşygy alnyp barylýar. Bilermenleriň hasaplamagyna görä, nebitiň bahalarynyň ýokarlanmagy we tebigy gazyň importynyň artmagy bilen bilelikde bu çäreleriň ählisi türkmen ykdysadyýetiniň ösüş depginini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

 

Meňzeş täzelikler

2014