Özbegistan Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmagy maksat edinýär — Şawkat Mirziýoýew

Özbegistan Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmagy maksat edinýär. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilýär.

Özbek-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň geljekde hem pugtalandyrylmagynyň, syýasy, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarynda köpugurly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň biziň halklarymyzyň bähbitlerine, parahatçylygy, durnuklylygy hem-de Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmegiň umumy maksatlaryna doly kybap gelýändigine ynanýaryn – diýlip hatda bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly goruna eýe bolan Türkmenistan we Özbegistan energiýa akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Amala aşyrylan taslamalaryň içinde 2009-njy ýylda işe girizilen Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisini bellemek bolar.

Öňräk, Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň işewür toparlaryny Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky nebitgaz känlerini işläp taýýarlamaklyga gatnaşmaga çagyrdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014