HPG 2018-2019-njy ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny az-kem peseltdi

Halkara pul gaznasy (HPG) 2018-nji hem-de 2019-njy ýyllar üçin nebitiň dünýä boýunça bahalarynyň çaklamasyny az kem peseltdi — degişlilikde, 69,38 dollar we 68,76 dollar. Bu barada Gaznanyň dünýä oktýabrdaky ykdysadyýeti boýunça World Economic Outlook hasabatynda bellenilýär. Bu barada Praým habar berýär.

2018-nji ýylda nebitiň ortaça bahasy boýunça çaklama 0,85 dollar, 2019-njy ýyl üçin 0,23 dollara pese düşürildi.

«2017-nji ýylda nebitiň barreli üçin çaklanylýan ortaça baha 52,81 dollara deňdi, bazar fýuçerslerine esaslanýan çaklanylýan baha 2018-nji ýylda 69,38 dollar we 2019-njy ýylda 68,76 dollara deňdir» diýlip hasabatda aýdylýar.

Iýul aýynda HPG 2018-nji ýyl üçin nebitiň dünýä boýunça bahalarynyň çaklamasyny – 70,23 dollara çenli ýokarlandyrdy. 2019-njy ýylda nebitiň ortaça çaklanylýan bahasy 68,99 dollara çenli artdyryldy.

Meňzeş täzelikler

2014