Balkan welaýatynda gazhimiýa toplumynyň işe giriziljek senesi bellenildi

17-nji oktýabrda Balkan welaýatynda gazy gaýtadan işläp, polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasy bolar. Täze toplum sebitde şunuň ýaly ilkinji desgadyr. Onuň önümçilik kuwwaty bir ýylda tebigy gazyň 5 milliard kub metrini gaýtadan işlemäge hem-de şonuň hasabyna ýokary dykyzlykdaky polietileniň 381 müň tonnasyny, polipropileniň 81 müň tonnasyny we beýleki gymmatly önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow 5-nji oktýabrda geçirilen hökümet mejlisinde gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz bu giň gerimli maýa goýum taslamasynyň amala aşyrylmagynyň Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny we tutuş ykdysadyýetini ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutany dünýä bazarlarynda we ýurdumyzyň sarp edijileri tarapyndan uly isleg bildirilýän polimer önümlerini öndürmek boýunça döwrebap önümçilikleriň döredilmeginiň Diýarymyzyň eksport kuwwatyny berkitmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, ýangyç-energetika toplumyny we beýleki pudaklary has-da ösdürmek babatda wezipeleriň çözülmegine ýardam etjekdigini nygtady.

Türkmen Lideri wise-premýere gazhimiýa pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda birnäçe tabşyryklary berip, bu işiň öňdebaryjy dünýä tejribesini önümçilige ornaşdyrmaga, täze tehnologiýalary we ylmy-tehniki işleri işjeň ornaşdyrmaga ýardam edýändigini belledi.

Meňzeş täzelikler

2014