Nebit arzanlaýar: «Brent» - $83,33, «WTI» - $73,81

2018-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Moskwa wagty bilen 8:29-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,99 göterim aşaklap, 83,33 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,71 göterim arzanlap, 73,81 amerikan dollaryna barabar boldy.

ABŞ-nyň noýabr aýynda güýje girjek çäklendirmelerinde käbir satyn alyjylar üçin Eýrandan nebit import etmegiň şertlerini ýeňilleşdirmek mümkinçiligine kadadan çykma görnüşde garap geçjekdigi baradaky habar nebit bazaryna gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy.

Ýeňillikler eýýäm Eýrandan nebit importyny çäklendirmeklige ýykgyn edýändigini görkezip bilen döwletlere dörediler.

Sentýabr aýynda amerikan hökümetiniň wekilleri käbir döwletlere Eýran bilen söwda aragatnaşygyny kesmek üçin  köpräk wagtyň berlip bilinjekdigi hakynda bellediler.

 

Meňzeş täzelikler

2014