Nebitiň bahalary ýokarlanýar: «Brent» - $84,99, «WTI» - 74,83

2018-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Moskwa wagty bilen 7:50-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,48 göterim ýokarlanyp, 84,99 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,67 göterim gymmatlap, 74,83 amerikan dollaryna barabar boldy.

Saud Arabystanynyň energetika ministri Halid al-Falihiň ýurtda nebit çykarylyşyny günde 1,3 mln barrele çenli artdyryp bilmäge mümkinçiliginiň bardygy barada aýdan sözlerinden soňra penşenbe güni nebitiň bahalary pese düşdi.

Öňräk, ministriň habar berşi ýaly, Saud Arabystanynda nebitiň çykarylyşy noýabr aýynda oktýabrdaky günde 10,7 mln barrel görkezijiden biraz ýokary bolar.

Mundan başga-da, Ria Nowostiniň habar berşi ýaly, ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň ýurtda nebit ätiýaçlyklarynyň gorlarynyň artandygy baradaky hepdelik hasabaty «gara altynyň» bahalarynyň ýokarlanmagyna täsir edýär.

Meňzeş täzelikler

2014