Hazar sebitinde uly gabaraly ýükleri daşamagyň aýratynlyklary Awazada geçirilen forumda maslahatlaşyldy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «HEAVY CASPIAN: TURKMENISTAN» atly halkara maslahatynda Türkmenistanyň ulag düzüminiň kuwwaty, ulaglaryň dürli görnüşleri bilen uly göwrümli we agyr ýükleri Hazar sebitine getirmegiň aýratynlyklary, şolary Türkmenistanyň üsti bilen Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine üstaşyr geçirmek meselelerine seredilip geçildi.

Forum dürli ýurtlardan hünär jemgyýetleriniň, Türkmenistanyň, Russiýanyň, Awstriýanyň, Belgiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Lýuksemburgyň, Polşanyň, Belarusuň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Ukrainanyň, Estoniýanyň milli halkara assosiasiýalarynyň, ulag, logistika, ekspeditor, söwda we maslahat berýän şereketleriniň hem-de kompaniýalarynyň wekilleriniň ýüzden gowragyny bir ýere jemledi.

Ilkinji gezek geçirilýän maslahatyň möhüm maksady degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň — demir ýol hem-de awtomobil ulaglary, «Türkmenhowaýollary» gullugy, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy edaralarynyň, şeýle hem ulag hyzmatlarynyň geljekki buýrujylarynyň, ozaly bilen, nebitgaz pudagynda, himiýa senagatynda hem-de beýleki pudaklarda, ýük daşaýan hususy düzümleriň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmak bolup durýar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýük daşamalaryň halkara ulgamynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan öz çäginde ygtybarly ulag-üstaşyr gatnawlary üpjün edýär. ulaglaryň ähli görnüşleriniň — awtomobil, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine uly üns berýär. Täze howa menzilleri bina edilýär, Türkmenistany goňşy döwletler bilen birleşdirýän polat ýollar, awtobanlar we köprüler gurulýar, deňiz we howa ulaglarynyň üsti täze, döwrebap gämiler, demir ýol wagonlary bilen ýetirilýär.

Şunda ýurdumyz ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär, döwletara ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň başyny başlap, Merkezi Aziýany we Ýewropany, Hazar, Gara deňiz hem-de Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta hem-de Günorta — Gündogar Aziýany birleşdirýän yklymüsti ugurlaryň möhüm halkasyna öwrülýär.

Türkmen logistika assosiasiýasynyň, “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” açyk paýdarlar jemgyýetiniň “LAM Group of Shipping Companies” (Türkiýe), “Barrus Projects” (Russiýa), “Ýük ulag merkezi” hem-de “Beýik Ýüpek ýoly” (Türkmenistan), “DAI Global” (Gazagystan) ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri öz çykyşlarynda bu ugurda toplan tejribeleri, logistika işlerini hem-de ýollaryny üstünlikli amatlaşdyrmagyň mysallary, ýük daşamak işini ýeňilleşdirýän IT-çözgütleri we beýleki hyzmatlary barada pikir alyşdylar.

“Türkmengaz” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň wekilleriniň çykyşlarynda beýan edilen iri senagat toplumlaryny gurmak boýunça amala aşyrylmagy bellenilen taslamalar maslahata gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014