Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýerli öndürijileriň önümlerini ýaýmagyna ýardam eder

Aşgabatda Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si açyl­dy. Däp bo­ýun­ça Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan Wa­ta­ny­my­zyň baş baý­ra­my­nyň öň ýa­nyn­da gu­ral­ýan no­bat­da­ky yk­dy­sa­dy göz­den ge­çi­ri­liş öz ösü­şi­niň esa­sy ýo­lu­na dü­şen mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň haý­ran gal­dy­ry­jy üs­tün­lik­le­ri­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.

Bu gün Türk­me­nis­ta­nyň ok­gun­ly ös­ýän halk ho­ja­lyk top­lu­my öň­de­ba­ry­jy dün­ýä­niň we ýur­du­my­zyň tej­ri­be­si­ni öw­ren­mek hem-de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ar­ka­ly in­no­wa­si­ýa ösü­şi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Bu ge­zek­ki ser­gi hem bu baş ug­ry kes­git­le­di, onuň işi­ne yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­let bö­le­gi­niň dü­züm­le­ri­niň, bi­lim we me­de­ni­ýet, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ry­nyň eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­niň kär­ha­na­la­ry gat­naş­dy­lar.

Ener­ge­ti­ka hem-de se­na­gat, ne­bit we gaz, ne­bit­hi­mi­ýa, gur­lu­şyk hem-de gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri, ulag we ara­gat­na­şyk, dok­ma önüm­çi­li­gi we ha­ly­çy­lyk, hi­mi­ýa pu­da­gy, oba hem-de suw ho­ja­ly­gy, oba­se­na­gat top­lu­my, luk­man­çy­lyk, bi­lim, me­de­ni­ýet, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk, çap­ha­na, te­bi­ga­ty go­ra­mak hem-de gök gu­şak sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­le­ri ýa­ly äh­li ul­gam­lar­da­ky ösüş dep­gin­le­ri wi­deo­ro­lik­ler­de, önüm­le­riň ki­çel­di­len nusgalarynda, çap­ha­na önüm­le­rin­de — ki­tap­lar­da, žur­nal­lar­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy.

Ýur­du­my­zyň halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň in­no­wa­sion ösü­şi, se­na­ga­tyň di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wa­ty­nyň, eks­port ugur­ly da­şyn­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­giň gi­ňel­dil­me­gi bu ge­zek­ki ser­gi­niň öze­ni­ni düz­di.

Göz­den ge­çi­ri­liş­de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­lar, hä­zir­ki za­man gur­lu­şyk we ti­mar­la­ýyş se­riş­de­le­ri, komp­ýu­ter we kom­mu­ni­ka­si­ýa müm­kin­çi­lik­le­ri, azyk se­na­ga­tyn­da ýe­ti­len sep­git­ler, eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ni tap­mak­da üs­tün­lik­ler, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­nyň ösü­şi, ýur­du­my­zyň yl­my, iş­gär­ler, me­de­ni müm­kin­çi­lik­le­ri gör­kez­ilýär.

Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy top­lu­my­nyň bin­ýat­la­ýyn pu­da­gy bo­lan ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my giň di­war­lyk­da gör­ke­zil­ýär, ol pu­da­gyň ýo­ka­ry dep­gin­ler­de ösü­şi­ni be­ýan ed­ýär. Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­yň hem-de ýa­kyn­da ulan­ma­ga ber­len te­bi­gy gaz­dan kar­ba­mid önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça “Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid” za­wo­dy­nyň eks­port hem-de da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan tä­ze önüm­le­rine esa­sy orun ber­lip­dir.

Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­niýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň “Ma­ha­bat” mü­dir­li­gi Pre­zi­den­t Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len ýa­kyn­da ge­çi­ri­len “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li ha­kyn­da in­te­rak­tiw di­war­ly­gy uly ün­se eýe bol­dy. Dö­re­di­len go­şun­dy­nyň çäk­le­rin­de peý­da­la­ny­jy­lar smart­fon­la­ry we wir­tual gör­nüş­dä­ki äý­nek­le­ri ulan­mak arkaly, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bi­len Ga­ra­gum säh­ra­syn­dan ge­çen ral­li-reý­diň jüm­mü­şi­ne ara­la­şyp, meş­hur aw­to­sü­rü­ji­le­riň or­nu­ny eýe­läp hem-de ýur­du­my­zyň te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri, ta­ry­hy we me­de­ni aja­ýyp­lyk­la­ry bi­len tan­şyp bi­ler­ler.

Bu ser­gi ýur­du­my­zyň ön­dü­ri­ji­le­ri­niň önüm­le­ri­ni ýaý­mak üçin ne­ti­je­li meý­dan­ça­dyr. Iri möç­ber­li göz­den ge­çi­ri­liş hü­när­men­le­riň, bi­ler­men­le­riň we ha­ryt öw­re­ni­ji­le­riň ün­sü­ni çek­di.

Ser­gi 20-nji sent­ýabr­da öz işi­ni ta­mam­lar.

Meňzeş täzelikler

2014