«Mitsubishi Сorporation» we «Çalyk Holding» kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler

Duşenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Mitsubishi Сorporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti jenap Hiroşi Sakumany hem-de «Mitsubishi Heavy Industries Engineering, Ltd.” kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory jenap Şigehisa Kobaýaşini, şeýle hem “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Myhmanlar türkmen Liderini karbamid dökünlerini öndürmek boýunça sebitde iň iri senagat toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen gutladylar.

Döwlet Baştutany häzir amala aşyrylýan milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmegiň strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de iň gowy daşary ýurt tejribesini çekmäge örän uly ähmiýet berilýär diýip belledi. Öňden gelýän hyzmatdaşlarymyzyň — Ýaponiýanyň «Mitsubishi Сorporation» konsorsiumynyň we Türkiýäniň “Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň işjeň gatnaşmagyndaky zawodyň gurluşygynyň giň gerimli taslamasynyň amala aşyrylmagy halk hojalyk toplumynyň strategik pudaklarynyň biriniň — ýurdumyzyň senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakda nobatdaky möhüm ädim bolar diýip, Prezident aýtdy.

Duşuşygyň barşynda işewür hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Meşhur kompaniýalaryň işläp taýýarlamalaryny durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalarda giňden peýdalanmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmegiň meýilnamalaryny we maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmakda Ýaponiýanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň ähmiýetli orunlaryny belläp, däbe öwrülen gatnaşyklaryň çäklerini giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belledi.

Myhmanlar «Mitsubishi Сorporation», “Çalyk Holding” kompaniýalarynyň türkmen bazarynda mundan beýläk-de işlemäge ymtylmalaryny beýan edip, geljek üçin Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp, taýýarlanan birnäçe teklipleri döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlediler.

Meňzeş täzelikler

2014