«Garabogazkarbamid» GHT hil we netijelilik boýunca halkara sertifikatlaryna eýe boldy

«Garabogazkarbamid» zawodynyň açylyş dabarasynda halkara guramalarynyň wekilleri täze gazhimiýa toplumynyň ýolbaşçylaryna onuň önümleriniň hilini, önümçiligiň netijeliligini we innowasion tehnologiýalaryny kepillendirýän sertifikatlary gowşurdylar.

Hususan-da, Dökünleriň bütindünýä kongresiniň wise-prezidenti, Hytaý Halk Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Şenýan bölüminiň ýolbaşçysy jenap Lanç Jiýe wekilçilik edýän guramasynyň işiniň mineral önümleri öndürýän ekologiýa taýdan howpsuz senagat desgalaryny goldamaga gönükdirilendigini aýtdy. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda degişli ugurda ýurtda alnyp barylýan işlere ýokary baha berdi. Myhman Dökünler boýunça halkara ylmy merkeziniň täze gaz toplumynda ýokary hilli önümiň öndürilýändigini tassyklaýan “Tapawutlanan we ýokary hilli önümçiligiň gazanylandygy üçin” diýen Sertifikaty (CIEC) gowşurdy.

Braunşweý tehniki uniwersitetiniň (Germaniýa) ösümlikler we topragy öwreniş instituty tarapyndan gazhimiýa toplumynyň iri maýa goýum kärhanasy hökmünde ykrar edilendigini bellemek bilen Mireý Wan Owerstraten “Garabogazkarbamid” zawodynyň direktoryna “Innowasion tehnologiýalar pudagynda sylaglama” Sertifikatyny gowşurdy.

Ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli mineral önümlerine dünýäde islegiň ulydygyny nazara alanyňda kärhananyň işe girizilmegi azot dökünlerini uly möçberlerde iberýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň mümkinçiliklerini giňelder, diýip Owerstraten belledi.

Soňra Nemes federal barlag institutynyň ýanyndaky Týunen adyndaky oba hojalyk ýerleri, tokaýlary, balykçylyk we organiki ekerançylygy barlaglarynyň halkara jemgyýetiniň direktory jenap Gerold Rehmann zawodyň direktoryna Garabogazdaky gazhimiýa taslamasyny “Iň effektiw we ekologiýa taýdan durnukly taslamalaryň biri bolandygy üçin” diýen Sertifikaty gowşurdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014