Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri karbamid toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Garabogaz şäherinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri senagat desgasynyň - “Garabogazkarbamid” zawodynyň açylyş dabarasy boldy, bu desga ýurdumyzyň himiýa senagatynyň önümçilik düzümleriniň üstüni ýetirdi.

Häzirki zaman kärhanasynda iň täze dünýä tehnologiýalary ulanyldy. Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň işläp taýýarlan tehnologiýalary her gije-gündizde 2 müň tonna, ýylda 660 müň tonna ammiagy öndürmäge mümkinçilik berýär, ol garyşdyrylan gaty azot önümi — karbamid önümçiliginde esasy çig mal hökmünde peýdalanylýar. Bu ýerde bir gije-gündizde 3 müň 500 tonna, ýylda bolsa, 1 million 155 müň tonna karbamid dökünleri öndüriler, olary deňiz ýollary bilen eksport etmek göz öňünde tutulýar. Bu maksatlar bilen Garabogaz şäherinde ýerli deňiz portunyň durky doly täzelenildi, ol karbamidi daşary ýurtlara ibermekde möhüm deňiz menzilidir.

Bu senagat desgasynyň doly kuwwatyna çykarylmagy bilen ýurdumyzda karbamid önümçiliginiň möçberleri 2 million tonnadan gowrak möçbere ýetiriler.

Dünýäniň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrylan zawodyň ähli önümleri eksporta niýetlenendir. Şeýlelik bilen, Türkmenistan döwletimiz himiýa önümlerini eksport edýän iri döwletleriň hataryna goşular – diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

— Biziň ýurdumyz ägirt uly tebigy gaz gorlaryna eýe bolup, mineral dökünleriň önümçiliginde tebigy gazy çig mal hökmünde ulanýar. Bu bolsa, azot dökünleriniň, hususan-da karbamidiň önümçiliginiň giňeldilmegini, täze kuwwatlyklaryň gurulmagyny geljegi uly bolan ugra öwürýär – diýip döwlet Baştutany nygtady.

Şonuň ýaly-da, taslama işleri ýerine ýetirilende esasy üns taslamanyň ekologiki talaplaryna berildi. Zyýanly maddalaryň howa zyňyljak mukdary Türkmenistanda we halkara standartlarynyň kadalarynda kabul edilen çäklerden çykmaýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

«Garabogzkarbamid» zawodyny gurmak «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Сorporation» ýapon we «Gap Inşaat Ýatirim we Diş Ticaret A.Ş» türk kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda umumy bahasy 1 570 095 000 amerikan dollaryna barabar bolan şertnama esasynda amala aşyryldy.

Bu zawodda sintetiki ammiak we karbamid öndürýän esasy önümçilik desgalaryndan başga-da kömekçi desgalar, şol sanda özbaşdak işleýän elektrik energiýasyny öndürýän gazturbina generatory we deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desga göz öňünde tutulandyr.

«Garabogazkarbamid» zawody bir ýylda 1 milliard kub metre golaý tebigy gazy gaýtadan işlemäge niýetlenendir. «Garabogazkarbamid» zawody tebigy gazyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde bir gije-gündiziň dowamynda 2000 tonna sintetiki ammiak öndürmäge we onuň esasynda bir gije-gündiziň dowamynda 3500 tonna karbamid dökünini öndürmäge ukyplydyr. Zawodyň öndürýän karbamid önümi düzüminde 46,2% azody saklaýar hem-de dökünleriň arasynda bu ugurda görkezijisi iň bir ýokary hasaplanylýar.

Zawodyň önümçiliginde ammiak önümçiligi boýunça Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň tilsimatlary, karbamidiň sintezi bölüminde Italiýanyň «Saipem» kompaniýasynyň tilsimatlary, digirlenen karbamid bölüminde Niderlandlaryň «Uhde Fertilizer Technology» kompaniýasynyň tilsimatlary, kömürturşy gazyny aýyrmak bölüminde — ABŞ-nyň UOP kompaniýasynyň ygtyýarlandyrylan tilsimatlary ulanyldy.

Tilsimat işleriniň dolandyrylyşy Ýaponiýanyň «Yokogawa» kompaniýasynyň üpjünçiligi esasynda doly awtomatlaşdyryldy.

Taslamanyň çäklerinde zawodyň işgärleri üçin ýokary amatlyklary bolan 40 maşgala niýetlenen iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 10 sanysy guruldy.

Meňzeş täzelikler

2014