Nebit ujypsyz arzanlaýar: «Brent» - $78, «WTI» - $68,72

17-nji sentýabrda nebitiň dünýä boýunça bahalary ujypsyz arzanlaýar. Moskwa wagty bilen 7:36-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,12 göterim pese düşüp, 78 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,07 göterim aşaklap, 68,72 amerikan dollaryna barabar boldy.

Söwda gatnaşyjylar Baker Hughes amerikan nebitgaz hyzmat kompaniýasynyň anna günündäki maglumatlaryna, GE Company (BHGE) kompaniýasynyň ABŞ-da hereket edýän buraw desgalarynyň 14-nji sentýabrda tamamlanan hepdede artandygy baradaky habaryna üns berdiler.

ABŞ-da hereket edýän buraw desgalarynyň sany ýedi birlik ýa-da 0,8 göterim artyp, 867-ä deň boldy, diýip Ria Nowosti habar berýär.

Mundan başga-da, ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda göreşi hem nebit bazaryna täsirini ýetirýär. Treýderler bu göreşiň netijesiniň çig mala bolan islege ýaramaz täsir etmeginden heder edýärler.

 

Meňzeş täzelikler

2014