Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy, polipropilen, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Türkiýeden, Serbiýadan, Owganystandan, Ukrainadan, Gruziýadan, Ermenistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna nah ýüplük, portlandsement, buýanyň köküni we baldagyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 92 million 743 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine BAE-niň, Türkiýäniň, Hindistanyň we Gonkongyň işewürleri jemi bahasy 3 million 697 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

 

 

Meňzeş täzelikler

2014