Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

25-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumynyň dürli ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişi hem-de pudagyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak we täze tehnikalar bilen üpjün etmek, ýurdumyzyň gaz geçiriji ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň baý ýangyç gorlaryny netijeli özleşdirmäge hem-de nebitgaz ulgamynda milli we umumy bähbitlere laýyk gelýän özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak  boýunça kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Şol maksatnamalar bolsa ýurdumyzyň senagat we eksport kuwwatyny, ýurdumyzda çykarylýan nebit we gazhimiýa önümleriniň möçberlerini artdyrmaga hem-de görnüşlerini giňeltmäge ýardam etmelidir.

Mejlisde garalan beýleki meseleleriň hatarynda gowaça, miwe-gök we bakja ekinleriniň ekişini geçirmek,  “Suw damjasy--altyn dänesi” baýramçylygyna taýýarlyk görmek, balyk hojalygyny we elektroenergetika pudagyny has-da ösdürmek bilen bagly meseleler boldy. Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda uzynlygy 146 kilometre, güýjenmesi 220 kW barabar bolan Ýöloten-Tagtabazar howa elektrik  geçirijisiniň gurluşygy tamamlandy. Bu desganyň işe girizilmegi diňe ýerli sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjünçiligiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga däl-de, eýsem, goňşy Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň güýjenmesini artdyrmaga hem mümkinçilik döreder.

Mundan başga-da, Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli 29-30-njy martda bu ýerde geçiriljek çärelerň maksatnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Dabaralara hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertine gatnaşmak üçin Türkmenistana daşary ýurtly wekiliýetler geler. Daşoguz welaýatynyň Taryhy we  ülkäni öwreniş muzeýinde GDA agza ýurtlaryň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň wekilleriniň eserleriniň sergisi guralar. Forumyň medeni maksatnamasy  Köneürgenjiň döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, welaýat kitaphanasyna hem-de welaýatyň beýleki ajaýyp ýerlerine baryp görmek ýaly çäreleri hem öz içine alýar.

Mejlisiň barşynda saglygy goraýyş we ylym-bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çärelere aýratyn üns berildi. Hususan-da, türkmen wekiliýetiniň Tokio şäherine bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Tsukuba uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilendigi habar berildi. Aşgabatda Tehnologiýalar uniwersitetinde ýapon okuw maksatnamasyny ulanmak hem-de ýaponiýaly mugallymlary çagyrmak meýilleşdirilýär. Bu ýokary okuw mekdebinde bäş fakulteti – Himiki we nanotehnologiýa, Biotehnologiýa we ekologiýa, Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary, Awtomatika we elektronika, Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetlerini açmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýokary okuw mekdebiň ýanynda türkmen-ýapon orta mekdebini açmak meýilleşdirilýär. Okuwyň dördünji ýylynda talyplara Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde, hususan-da, Tsukuba uniwersitetinde okamak teklip edilýär. Şol ýerde diplom işlerini goramak zerur bolup durýar. Şonuň bilen bir hatarda Ýaponiýanyň Bilim ministrligi türkmen-ýapon   orta mekdebini has netijeli ulanmak üçin 7-nji synpdan ýapon dilini öwrenip başlamagy teklip etdi. 10-njy synpdan başlap, ýene-de iki ýyl belli bir hünär boýunça bilimleri has çuňlaşdyryp öwrenmek teklip edildi. Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentligi bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Aşgabatda seýsmologiki stansiýalaryň birnäçesini ösdürmek mümkinçiliklerine garaldy. 

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Kararlara gol çekdi, olara laýyklykda   2016-njy ýylyň ahyrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahaty taýýarlamak we geçirmek boýunça Guramaçylyk komiteti döredildi.  Türkmenistanyň çäklerine wagtlaýyn getirilip, gümrük paçlaryndan şertli doly boşadylmaga degişli harytlaryň sanawy tassyklanyldy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi, olar boýunça  degişli çözgütler kabul edildi.

Meňzeş täzelikler

2014