Täzelikler

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammiti deslapdan 12-nji awgusta bellenilen

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammiti 12-nji awgustda Aktauda (Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň dolandyryş merkezi, Hazar deňziniň kenary). Bu barada kommersant.ru habar berýär. Garaşylyşy ýaly, Aktauda geçiriljek sammitiň dowamynda Hazar deňziniň hukuk deejesi hakynda Konwensiýa gol çekiler. Russiýanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň wekilleri bu resminamanyň üstünde 20 ýyldan gowrak wagt işlediler. RF-iň DIM-niň ýolbaşçysynyň orunbasary Grigoriý Karasiniň aýtmagyna...

Nebitiň dünýä bazary deňagramlylyga ýakynlaşýar – OPEC-iň prezidenti

Dünýäniň nebit bazary deňagramlylyga barha ýakynlaşýar, bu barada duşenbe güni OPEC-iň prezidenti, BAE-niň energetika we senagat ministri Suheýl al-Mazrui beýan etdi, diýip Ria Nowosti habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, bu mesele OPEC-iň 22-nji iýunda Wenada geçirjek nobatdaky duşuşygynyň merkezi meselesi bolar. Bu sözleri emiratlaryň WAM habarlar agentligi getirýär. «Ätiýaçlyk gorlaryň möçberi 2017-nji ýylyň başyndan bäri düýpli pese...

Tebigy gazyň YBI-de ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň mejlisler zalynda Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe nebitgaz pudagynda ylmy ösüş» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Tebigy gazyň YBI-niň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň alymlary we ýaş hünärmenler çykyş etdiler. Çykyşlarda nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns...

Nebitiň bahalary arzanlaýar: «Brent» - $72,61, «WTI» - $63,77

2018-nji ýylyň 18-nji iýunynda Moskwa wagty bilen 8:05-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,13 göterim aşaklap, 72,61 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1,98 göterim aşaklap, 63,77 amerikan dollaryna barabar boldy. Geçen hepdäniň netijeleri boýunça «Brentiň» bahasy 4 göterim, «WTI-niň» bahasy 2,7 göterim aşak düşdi. Russiýa we Saud Arabystany 2018-nji ýylyň üçünji...

G20 gaýtadan dikeldilýän energetika geçmekde gazyň möhüm orny dogrusynda beýan etdi

Tebigy gaz atmosfera zyňylýan zyýanly zyňyndylary azaltmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energetika geçmek prosesinde möhüm orun eýelär. Bu barada G20-niň energetika ministrleriniň Argentinada geçiren duşuşyklarynyň netijeleri boýunça komýunikde aýdylýar. «Biz «Uly ýigrimiligiň» köp ýurtlaryna energiýa ibermekde tebigy gazyň möhüm orun eýeleýändigini tassyklaýarys hem-de ýakyn on ýylda ony ulanmaklygyň düýpli giňeldilmeginiň geljeginiň bardygyny belleýäris. Bu has pes derejeli...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy. Nebithimiýa önümleri — Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzin, dizel ýangyjy, polipropilen, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň agyr wakum gazoýly we nebit ýol bitumy, şeýle hem “B” kysymly karbamid(“Türkmenhimiýa” DK) Russiýadan, Germaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Gazagystandan,Täjigistandan we beýleki ýurtlardan...

“Türkmengaz” DK-nyň Tebigy gazyň YBI-niň alymlary gazkondensatly çökündileri özleşdirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň formulasyny işläp düzdüler

“Türkmengaz” DK-nyň Tebigy gazyň YBI-niň ylmy işgäri, ykdysady ylymlarynyň kandidaty Rejep Kakabaýew känleriň işläp taýýarlamagyň netijeliligini kesgitlemegiň usulyýetini we uzak wagtlyk uloanyşdaky nebitgazly meýdançalarda ony çykarmagy artdyrmagyň goşmaça mümkinçiliklerini işläp düzdi. Täze usulyýet Döwletabat känini we Merkezi Garagumuň känlerini seljermekde synag edilip görüldi. Netijede bu usul diňe bir öňden ulanylyp gelinýän gaz meýdançalarynyň ýagdaýyny kesgitlemäge däl,...

Hazaryň hukuk derejesi boýunça Konwensiýanyň teksti ylalaşyldy — Azerbaýjanyň DIM

Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa “Hazar bäşligi” tarapyndan ylalaşyldy, diýip Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow aýtdy. Bu barada Interfaks-Azerbaýjan habar berýär. H.Halafow konwensiýa döwlet Baştutanlarynyň sammitinde gol çekilmegine ynam bildirdi. Onuň aýtmagyna görä, Hazarýaka döwletleri ikitaraplaýyn duşuşyklary, maslahatlary geçirýärler. “Hazar bäşligi” Gazagystany Aktau şäherinde (Mangistau welaýatynyň dolandyryş merkezi) geçiriljek hazarýaka sammitiniň senelerini ylalaşýar. Gazak...

ÝB mümkin bolan iberijileriň «GGG» goşulmak meýillerini goldaýar — Şefçowiç

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) goşmaça iberijileriň azerbaýjan gazyny Ýewropa ibermekligi göz öňünde tutýan «Günorta gaz geçelgesi» taslamasyna goşulmak babatdaky gyzyklanmalaryny goldaýar, diýip Energetik bileleşik boýunça Ýewrokomissiýanyň wise-prezidenti Maroş Şefçowiç Trende aýtdy. «Biziň pikirimizçe, «Günorta gaz geçelgesiniň» çeşmesi diňe bir «Şah Deňiz» käni bilen çäklenmeýär. Şonuň üçin hem biz Hazar sebitinden, merkezi Aziýadan, Ýakyn Gündogardan, Gündogar-Ortaýer deňzi sebitlerinden...

Nebitiň bahalary aşaklaýar: «Brent» - $75,63, «WTI» - $66,02

2018-nji ýylyň 13-nji iýunynda Moskwa wagty bilen 7:47-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,3 göterim aşaklap, 75,63 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,5 göterim arzanlap, 66,02 amerikan dollaryna barabar boldy. 12-nji iýunda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,8 göterim pese düşüp, 75,88 amerikan dollaryna,...

Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň gyrgyz şahasynyň gurluşygy 2019-njy ýylda başlanar

Hytaý Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Gyrgyzystan — Hytaý gaz geçirijisiniň gyrgyz böleginiň gurluşygyna 2019-njy ýylda başlar, diýip Gyrgyz Döwlet senagat, energetika we mineral serişdelerinden peýdalanmak komitetiniň başlygy Ulanbek Ryskulow žurnalistlere habar berdi. bu barada Interfaks belleýär. Onuň aýtmagyna görä, gaz geçiriji dolulygyna Hytaýyň serişdeleriniň hasabyna gurlar we gurluşygy başlanandan 3 ýyl soň doly taýýar...

ÝET-niň 2018-nji ýylyň 5 aýynyň jemleri jemlenildi

11-nji iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2018-nji ýylyň geçen bäş aýynda edilen işleriň jemine, şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen ýakynda geçiren maslahatynda kärhanalaryň öňünde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi. Maslaahaty açmak bilen wise-premýer Myratgeldi Meredow bütin türkmen halkynyň...

TANAP-yň açylmagy energetiki bileleşigiň çäklerinde meýilleriň hakykata öwrülýändigini hem-de netijeleriň gazanylýandygyny tassyklaýar - Şefçowiç

Azerbaýjan gazyny Ýewropa ibermekligi göz öňünde tutýan «Günorta gaz geçelgesi» (GGG) taslamasynyň bir bölegi bolan Transanatoliý gaz geçirijisiniň resmi açylyş dabarasy bu taslamany durmuşa geçirmekde möhüm tapgyr hökmünde garalýar, diýip sişenbe güni Energetiki birleşik boýunça Ýewrokomissiýanyň wise-prezidenti Maroş Şefçowiç Trende habar berdi. «Transanatoliý gaz geçirijisi Günorta Kawkaz hem-de Transadriatik turbageçirijileri bilen bilelikde «günorta gaz geçelgesiniň» aýrylmaz...

Türkmenistan we Zambiýa söwda-ykdysady, şol sanda ÝET ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Zambiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadrek Luwitadan ynanç hatyny kabul etdi. Diplomatyň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy hem-de mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary halkara syýasy giňişlikde, şol sanda Zambiýa Respublikasynda hem uly hormata we goldawa mynasyp...

Bahalaryň üýtgemegi türkmen nebit önümleriniň eksportynyň ösmegine getirdi

Aprel hem maý aýlarynda nebitiň bahalarynyň ýokarlanmagy ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň girdejilerini düýpli artdyryp, türkmen nebithimiýa eksportyna oňaýly täsir etdi. Media-Turkmen ORIENT habarlar agentliginiň Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp habar berşi ýaly, 2018-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda çig nebitiň ibermeleriniň baha möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,3 esse artdy. Şol bir wagtda fiziki...

2014