Habarlaryň arhiwi (2018-1-9)

Ýanwar aýynda TANAP turba geçirijisi synagdan geçirilip başlanar

2017-nji ýylyň dekabryna çenli ýagdaýda Transanatoliý (TANAP) turba geçirijisiniň gurluşygynyň çäklerinde umumy öňe gidişlik 96,6 göterime deň boldy, diýip TANAp konsorsiumynyň ýolbaşçysy Saltuk Dýuzýol aýtdy. Bu barada Trend habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, Gruziýanyň serhedinden Türkiýä Eskişehire çenli bölek dolulygyna guruldy (Faza «0»). «Faza «0-uň» çeklerinde turbageçirijiniň synagy we ulanyşa girizilmegi 2018-nji ýylyň ýanwarynda başlanar. Eskişehirden Türkiýäniň...

«Brentiň» bahasy – $68,19, «WTI» - $62,20

9-njy ýanwarda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,41 göterim ýokarlanyp, 68,19 amerikan dollaryna barabar boldy. Öňki geçen söwdalaryň netijeleri boýunça şertnamalar 0,24 göterim gymmatlap, barreli 67,78 dollara barabar boldy, diýip Rus Nebitgaz habarlar agentligi habar berýär. Nebitiň bahalary 8-nji ýanwarda ABŞ-da nebitiň çykarylyşynyň ösüş depgininiň peselmegine garaşylmagy netijesinde ýokarlanmagyny dowam...

Hytaý Gazagystanyň we Türkmenistanyň üstünden Eýrana geçýän üstaşyr demir ýol ugruny synag edýär

Türkmenistandan Eýrana Akýaýla demir ýol menziliniň üsti bilen Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça nobatdaky synag gatnawyny amala aşyrýan konteýner ýük düzümi geçdi. 2017-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Hytaýyň günortasyndaky iri senagat merkezi Çanşa şäherinden (Hunan welaýaty) ýola düşen, halkyň sarp edýän harytlary ýüklenen 41 sany konteýner wagonlaryndan ybarat bolan demir ýol düzümi yzygiderli...

2014