Habarlaryň arhiwi (2018-1-4)

Hajymyrat Hajymyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Hajymyrat Iskanderowiç Hajymyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy wezipesine bellenildi. 2017-nji ýylyň maýynda döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy wezipesinden M.Nurmämmedowy boşatdy we wagtlaýyn bu wezipäni ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Köşkler toplumyny dolandyrmak we düýpli gurluşyklar müdiriýetiniň başlygy...

Türkmenistanyň Prezidenti wezipä bellemek boýunça Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwletgeldi Annabaýramowiç Annamuhammedow Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary – Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň dolandyryjysy wezipelerine bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Arslangylyç Orazgyjyjowiç Gylyjow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary – Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi. Türkmenistanyň...

TOPH GAZGEÇIRIJISI: MAKSAT HAKYKATA ÖWRÜLÝÄR

Mälim bolşy ýaly, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny artdyrmak, şol sanda köpugurly ulag düzümini döretmegiň hasabyna artdyrmak Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu  babatda iri maýagoýum taslamalary amala aşyrylýar, olaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň gurluşygy aýratyn orun eýeleýär. Möhüm halkara ähmiýetine eýe bolan bu taslamanyň ilerleýşi barada biz «TAPI Pipeline Company...

2014