Habarlaryň arhiwi (2018-1-3)

Nebitiň bahalary dürlüçe bahalandyrylýar: «Brent» - $66,54, «WTI» - $60,38

2018-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,05 göterim aşaklap, 66,54 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,02 göterim gymmatlap, 60,38 amerikan dollaryna barabar boldy. Eýrandaky wakalaryň netijesinde 2015-nji ýylyň ortasyndan bäri iň ýokary derejesini täzeläninden soňra 2-nji ýanwarda nebitiň dünýä boýunça bahalary pese düşüp başlady. Şol gün «Brent»...

Minara meýdançasynda tebigy gazyň senagat akymy alyndy

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» müdirliginiň işgärleri tarapyndan Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň çäklerinde ýerleşen Minara meýdançasynda burawlanan üçünji gözleg guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymy alyndy. Onuň taslama çuňlugy 4750 metre barabardyr. Guýynyň gündelik debiti — 1 million kub metr gaza barabardyr. Häzirki wagtda müdirligiň hünärmenleri guýynyň tebigy serişdeleriniň ätiýaçlyklaryny, himiki we beýleki aýratynlyklaryny öwrenmeklerini dowam edýärler. Minara meýdançasynyň...

2014