Habarlaryň arhiwi (2018-1-23)

“Ahal” “Dordoýy” Bişkekde uly hasap bilen ýeňdi

Bişkek, 23-nji ýanwar. Şu gün “Türkmennebitönümleri” Baş müdirliginiň “Ahal” futbol topary Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen halkara duşuşykda ýeňiş gazandy. Has takygy, türkmen futbolçylary Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň toparçasyna düşmek ugrunda geçirilýän saýlama tapgyrda Gyrgyzystanyň “Dordoý” topary bilen duşuşdy. Duşuşyk “Ahalyň” futbolçylarynyň peýdasyna 3:1 hasabynda tamamlandy. Bu ýeňiş biziň futbolçylarymyza 30-njy ýanwarda Balkanabat...

OPEC+ ýurtlary nebitiň çykarylyşyny 2019-njy ýyla çenli çäklendirmegi ylalaşdylar

Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy we gurama girmeýän döwletler (OPEC+) 2018-nji ýylda nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek baradaky ylalaşygyň möhletini uzaltmagyň üýtgewsiz goýulmalydygy baradaky netijä geldiler. Bu barada Russiýanyň energetika ministri Aleksandr Nowak 21-nji ýanwarda Omanyň paýtagty Maskatda geçirilen OPEC+ monitoring komitetiniň mejlisine gatnaşanda belledi. «Bu günki duşuşygyň esasy netijesi: biz 29-30-njy noýabrda 2018-nji ýylyň tutuş döwri üçin...

«Ekizek» känindäki täze gözleg guýusyndan nebitiň we gazyň senagat akymy alyndy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň burawçylary Türkmenistanyň günorta-günbatar böleginde ýerleşen «Ekizek» känindäki 16-njy gözleg guýusyndan nebitiň we gazyň senagat akymyny aldylar. Taslama çuňlugy 3600 metr bolan guýudan tebigy gazyň akymy alyndy. Häzirki wagtda müdirligiň işgärleri «Nebitgazylmytaslama» institutynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda gidrogazdinamiki barlaglary geçirýärler, ýerasty plastlaryň atmosfera basyşyny barlamak boýunça işleri geçirýärler. Guýuda diametri dört millimetr...

Türkmen firmasy «big bag» polipropilen haltalarynyň önümçiligini ýola goýdy

«Bir dünýä» türkmen hususy kärhanasy Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda taýýarlanylýan çig malyň esasynda «big bag» kysymly polipropilen haltalarynyň önümçiligini ýola goýdy. Önümçilikde ýerli çig mal — polipropilen ulanylýar. Bu barada «Rysgal» gazeti belleýär. «Bir dünýä» kärhanasynyň dürli göwrümdäki ýumşak konteýnerleri giňden ulanylýar. — Uly göwrümdäkiler himiýa, dag-magdan, nebiti gaýtadan işleýiş, metallurgiýa, agajy gaýtadan işleýiş, obasenagat...

Kabulda hökümet TOPH turba geçirijisiniň we beýleki sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin şertleri döretmek ugrunda işleýärler

Häzirki wagtda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde başlyklyk edýän Gazagystan BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň Owganystana saparyny gurnady, diýip Gazagystanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi. «Gazagystanyň başlyklygynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Owganystana sapar gurnady, onuň netijeleri boýunça halkara gatnaşyklarynyň iň abraýlyk guramasy Owganystanyň goňşy ýurtlar bilen, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa bilen sebit ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem pugtalandyrmaga çagyrdy» diýlip...

2014