19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm ugurlaryna we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisde döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ähli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň 2018-nji ýyl üçin durmuş-ykdysady görkezijileriniň meýilnamasyny, maliýe-ykdysadyýet we bank ulgamynyň, oba hojalyk, senagat, ulag-aragatnaşyk toplumlarynyň, gurluşyk, energetika we jemagat hojalygynyň, medeniýet, ylym, bilim, saglygy...