Habarlaryň arhiwi (2018-1-16)

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine Gündogar Hytaý deňzinde bolup geçen heläkçilik zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana Gündogar Hytaý deňzinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren Eýranyň nebit tankeriniň heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanynyň gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanjy hem-de medet beriji sözleri hatda beýan edildi. Daşary ýurt HBS-leriniň habar berşi ýaly, heläkçilik şenbe güni 6-njy ýanwarda agşam Gündogar...

Ýewropa Hazaryň düýbi boýunça turba geçiriji geçirmek boýunça synanyşyklaryny dowam edýär

Merkezi Aziýadan Ýewropa bazarlaryna «mawy ýangyç» iberiljek Transhazar gaz geçirijisi «Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň möhüm bölegidir. Garaşylyşy ýaly, Ýewrokomissiýa Hazar gündogar kenaryndan Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa gazy ibermekligiň şertleri bilen şu ýyl has işjeň meşgullanar. Bu barada Haqqin.az azerbaýjan habarlar-analatik we monitoring portaly habar berýär. Nebit barlaglary merkeziniň ýolbaşçysy Ilham Şabanyň pikirine görä, bular çaly çaklama...

TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Iş topary döredildi

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan —Owganystan — Pakistan ugry boýunça ulag geçelgeleriniň we energiýa geçirijileriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, bu ugurdaky işleriň utgaşykly alnyp barylmagyny gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýokarda agzalan ugur boýunça ulag geçelgeleriniň we energiýa geçirijileriniň taslamalaryny utgaşdyrmak boýunça Iş topary...

Türkmenistan 2017-nji ýylda mazudyň önümçiligini we eksportyny artdyrdy

Türkmenistan 2017-nji ýylda 795,5 müň tonna mazut eksport etdi, bu görkeziji 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 39,6 göterim köpdür. Bu barada Media-Turkmen Orient habarlar agentligi habar berýär. Şunuň bilen birlikde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda mazudyň önümçiligi 2017-nji ýylda 20,2 göterim artyp, 699 müň tonna barabar boldy. Şeýlelikde, geçen ýylda mazudyň eksportynyň aglaba bölegini...

2014