Habarlaryň arhiwi (2018-1-15)

Türkmenistanyň DIM-iniň wekiliýeti Yslamabatda syýasy geňeşmeleri geçirer

Türkmenistanyň DIM-iniň wekiliýeti 15–16-njy ýanwarda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeleri geçirer. Duşuşyga görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň gün tertibine däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryny, özara bähbitli türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň meseleleri giriziler. Türkmenistan...

Türkmenistan «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine gatnaşar

Türkmenistan 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň 10-njy apreli aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» atly mowzuk bilen geçiriljek Bütindünýä forumynda milli sergisini hödürlär. Foruma gatnaşmaga görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow geçen anna güni hökümet mejlisinde hasabat berdi. Wise-premýeriň habar beri ýaly, häzirki wagtda «EKSPO-2020-niň» guramaçylyk komiteti bilen degişli...

Nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam edýär: «Brent» - $69,89, «WTI» - $64,47

2018-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 2 sent  gymmatlap, 69,89 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,3 göterim gymmatlap, 64,47 amerikan dollaryna barabar boldy. 12-nji ýanwarda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,9 göterim ýokarlanyp, 69,87 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň «NYMEX» haryt biržasynda...

Geçen hepdäniň birža täzelileri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna jinsi önümleri, nah ýüplük, pagta-süýümi, şeýle hem armatura ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Şweýsariýa, Owganystan, Ermenistan, Gyrgyzystan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 31 million 136 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 10 million...

2014