Habarlaryň arhiwi (2018-1-12)

Hytaý 2017-nji ýylda gazyň importyny 26,9 göterim artdyrdy

2017-nji ýylyň netijeleri boýunça Hytaý tebigy gazyň importyny ýyllyk aňlatmada 26,9 göterim artdyryp, 68,57 mln tonna ýetirdi. Bu barada HHR-iň Baş gümrük müdirliginiň hasabatynda aýdylýar. Satyn almalaryň jemi bahasy 23,28 mlrd amerikan dollaryna barabar bolup, öňki ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 41,2 göterim ýokarydyr. 2017-nji ýylyň dekabrynda Hytaý 2,99 mlrd dollarlyk 7,89 mln tonna gazy import etdi. 2016-njy...

Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň hereket ediş geografiýasyny giňeltmek üçin Afrika, Günorta-Gündogar we Merkezi Aziýa sebitleri hödürleýär — Ýuriý Sentýurin

Yragyň, Gazagystanyň we Azerbaýjanyň Gazy eksport ediji döwletleriň forumynyň doly hukukly agzalary bolmaklyga oňat mümkinçilikleri bar. Bu barada forumyň Baş sekretary Ýuriý Sentýurin belleýär. Onuň belleýşi ýaly, ol gözegçi bolup durýan şol ýurtlar bilen iş geçirmekligi meýilleşdirýär: «Olarayň gurama gatnaşyk derejesini ýokarlandyrmaga ynanadyrmagy umyt edýärin». Ýuriý Sentýuriniň düşündirişi ýaly, tebigy gazyň dünýä bazarynda iberijiler blen sarp edijileriň...

TOPH taslamasy sebitde energetika howpsuzlygyny berkider — bilermen

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy Günorta we Merkezi Aziýanyň infrastrukturasynyň integrasiýasyna oňaýly täsir eder, çünki ol iberijiniň hem, satyn alyjylaryň hem energetika howpsuzlygyny berkitmäge ýardam eder. Bu barada Glazgo uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Luka Ançeşi Azernews-e habar berdi diýip, Trend belleýär. «Turbageçirijiniň sebit üçin ähmiýeti Owganystandaky ýagdaýy we onuň ykdysadyýetini...

Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň daşary işler ministri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Sri Anifah Amanyň arasynda geçirilen duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Diplomatyň belleýşi ýaly, Malaýziýada möhüm hem-de geljegi uly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berilýär. Döwlet Baştutany Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň biri bolan Malaýziýa bilen...

2014