Habarlaryň arhiwi (2017-11-15)

Türkmenistan we Pakistan energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň DIM-niň desgasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň Federal ministr derejesindäki Meýilnamalaşdyryş Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Sartaj Aziz bilen duşuşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky işjeň daşary syýasy hyzmatdaşlygy belläp, taraplar ýokary derejede ýetilen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ýangyç-energetika we...

BMG Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda eýeleýän ornuna ýokary baha berýär - ÝUNKTAD-nyň Baş sekretary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň Baş sekretary Muhisa Kituýi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, giň netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň tarapdarydygyny nygtady. Muhisa Kituýiniň...

RECCA VII maslahatyna gatnaşyjylar owgan meselelerini çözmegiň ýollaryny ylalaşýarlar

Şu gün türkmen paýtagtynda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň iş toparlarynyň duşuşygy boldy. Maslahatyň işçi toparlarynyň gepleşikleriniň çäklerinde ertir Aşgabat forumynyň ministrler derejesindäki mejlisi bolar. Ol owgan meselesiniň oňyn çözgüdine özara ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, Owganystanyň galkynmagyna we parahatçylykly ösüşine hem-de sebit we sebitara möçberindäki ykdysady ýagdaýlara goşulyşmagyna goldaw bermek boýunça umumy tagallalaryň...

2014