6-njy oktýabrda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň, şeýle hem 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň ýatlama güni – Hatyra güni bellenip geçildi. Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-doga okaldy, sadakalar berildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine gatnaşdy. Şol gün bu ýere ir...