Habarlaryň arhiwi (2017-10-5)

«Türkmengaz» DK «Galkynyş» käninde nobatdaky ýokary debitli guýyny ulanyşa girizdi

Ägirt uly «Galkynyş» gaz käninde günlük debiti 2 million kub metr «mawy ýangyja» barabar bolan №280 belgili guýy ulanyşa girizildi. Bu işi «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazinžinerçilik we gurluşyk» müdirliginiň hünärmenleri amala aşyrdylar. Üstesine ilkinji gezek tehnologik enjamlar — klapanlar, zadwižkalar, şeýle hem barlag-ölçeg abzallary we guýynyň agzynyň turba birleşmesi daşary ýurt kompaniýalaryny çekmezden öz güýjüniň hasabyna...

Türkmenistanyň Prezidenti we Katar Döwletiniň Emiri telefon arkaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani telefon arkaly gepleşikde türkmen-katar gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Kataryň Baştutanlary däbe öwrülen döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny hem-de taraplaryň olary umumy bähbit üçin amala aşyrmaga taýýardygyny nygtadylar. Söhbetdeşligiň barşynda...

Caspian Drilling Company Hazardaky taslamalaryň birinde «Dede Gorgud» buraw desgasyny ulanmagy meýilleşdirýärler

«Dede Gorgud» iri azerbaýjan ýüzýän ýarym suwda bolan buraw desgasynyň (ÝÝBD) operatory bolan Caspian Drilling Company ony Hazardaky taslamalaryň birinde ulanmagy meýilleşdirýärler, diýip Trend ýurduň nebitgaz bazaryndaky bilermene salgylanyp habar berýär. «Häzirki wagtda «Dede Gorgud» ýyly konserwasiýada saklanýar. Kompaniýa ony Hazarda mundan beýläkki burawlamada ulanmagy meýilleşdirýär» - diýip habar berildi. Agentligiň söhbetdeşi desganyň haýsy kompaniýa üçin...

2014