Täzelikler

«Günorta gaz geçelgesi» Türkmenistandan we Gazagystandan hem gaz iberip biler — «SOCAR»

Azerbaýjan gazyny Ýewropa ibermegi göz öňünde tutýan «Günorta gaz geçelgesi» şeýle hem Türkmenistandan we Gazagystandan hem gaz iberip biler. Trend agentliginiň aboutenergy.com saýtyna salgylanyp habar berşi ýaly, bu barada «SOCAR» azerbaýjan döwlet kompaniýasynyň maýa goýumlar we marketing boýunça wise-prezidenti Elşad Nasirow italýan žurnalistlerine aýtdy. «Eger-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna has köp gaz gerek bolsa, biz Türkmenistandan we...

Berlinde türkmen-german işewürler maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti 13-nji fewralda Berlinde «Deutsche Bank AG» binasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen-german işewürler maslahatyna gatnaşdy. Foruma GFR-iň DIM-niň, ykdysadyýet we energetika, oba hojalyk we azyk federal ministrlikleriniň, Halkara hyzmatdaşlygynyň nemes jemgyýetiniň, Telekeçilige ýardam etmek boýunça gündogar-ýewropa assosiasiýasynyň, Nemes ykdysadyýetiniň Merkezi Aziýadaky wekiliýetiniň, GFR-iň Söwda-senagat edarasynyň we 70-den gowrak iri kompaniýasynyň wekillerini ýygnady. Olaryň ýöriteleşen ugurlarynyň hatarynda...

OPEC+ ýurtlary ýanwar aýynda nebitiň çykarylyşyny 34 göterim azaltdylar

Nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek gatnaşýan OPEC däl döwletler Gazagystanda nebit çykarylyşynyň artmagy we Russiýada hem-de Azerbaýjanda çäklendirmäniň derejesiniň pes bolmagy netijesinde ýanwar aýynda ylalaşygyň şertlerini diňe 25 göterim ýerine ýetirdiler. Bu barada Halkara energetika agentliginiň fewral aýyndaky hasabatynda aýdylýar, diýip TASS habar berýär. HEZ-nyň hasaplamalaryna görä, OPEC döwletleri ýylyň ilkinji aýynda nebitiň çykarylyşyny bellenilen meýilnamadan 86 göterim...

Azerbaýjan Türkmenistan bilen birnäçe resminamalary tassyklady

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň (parlamentiniň) 12-nji fewralda geçirilen plenar mejlisinde birnäçe azerbaýjan-türkmen resminamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip Trend habar berýär. Deputatlar Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň Bilelikdäki beýanlaryny, «Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň çägi bilen halkara gatnawlaryna gatnaşyjylar üçin wiza düzgünlerini ýeňilleşdirmek boýunça Ylalaşygy», «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan...

Nýu-Delide halkara nebitgaz forumy tamamlandy

12-nji fewralda Hindistanyň paýtagtyndaky «India Expo Centre & Mart» sergi merkezinde «PetroTech-2019» halkara nebitgaz maslahaty we sergisi öz işini tamamlady. Foruma türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Iri forumyň dowamynda onlarça döwletleriň wekilleri tebigy serişdeleriniň ägirt uly goruna eýelik edýän biziň döwletimiz bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirdiler. 7 müňden gowrak wekiliň gatnaşan forumynda nebitgaz ulgamynyň ileri...

«Günorta gaz geçelgesi» gaz iberijileriniň diwersifikasiýasyny goldaýar — ÝB

Hazar sebitinden Türkiýä we Ýewropa tebigy gaz ibermäge gönükdirilen «Günorta gaz geçelgesine» gaz iberijileriniň diwersifikasiýasy zerur. Bu barada 20-nji fewralda Bakuda geçiriljek «Günorta gaz geçelgesi» boýunça bäşinji konsultatiw geňeşiniň jemleýji jarnamasynyň taslamasynda bellenilýär. Jarnamanyň taslamasy ýanwar aýynda ÝB-niň Energetika iş topary tarapyndan oňlanyldy we häzir gutarnykly ylalaşmak üçin 28 döwletiň hemişelik wekillerine iberildi. «Biz «Günorta gaz...

OPEC+ bileleşige öwrüler

OPEC+ ylalaşygyna gatnaşyjy agza döwletler guramanyň düzgünnamasyny işläp düzdüler. Taslama laýyklykda, ony bileleşik diýip teklip edilýär. OPEC goldaw beriji gurama hökmünde çykyş eder. Garaşylyşy ýaly, bileleşik ýokary derejede kabul edilen hem-de gatnaşyjy agzalaryň arasynda hiç hili ýuridik häsiýetli hukuklara we borçlara getirmeýän borçnamalary meýletin ýerine ýetirmek ýörelgeleri esasynda hereket eder. Bileleşik ýurtlaryň öz tebigy serişdelerini dolandyrmak hukugyny...

Nýu-Delidäki «PetroTech-2019» maslahatynda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişi hakynda aýdyldy

Ýakyn wagtda Owganystan hyzmatdaşlary bilen Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça möhüm ylalaşyga gol çeker, diýip bu ýurduň dag magdan we nebit senagaty ministri Nargis Nehan şu günler Nýu-Deli şäherinde geçirilýän «PetroTech-2019» maslahatynyň ministrler böleginde belledi. Bu barada ORIENT habar berýär. Ministriň aýtmagyna görä, bu gün Owganystan gaz...

Türkmenistanyň Prezidenti: ýangyç-energetika toplumyna täze sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy nebitgaz pudagynyň ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar

Nebitgaz pudagyny innowasion taýdan ösdürmek, «düşbi guýularyň» we «sanly ýataklaryň» taslamalaryny hasaba almak bilen, pudaklaýyn ylmy edaralaryň işiniň esasy ugurlarynyň birine öwrülmelidir. Bu wezipäniň möhümligi barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde belledi. Döwlet Baştutany nebitgaz pudagynda täze sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň zerurdygy barada aýdyp, munuň geologiýa-gözleg işleriniň, has çuň gatlaklarda ýerleşen ýangyç ýataklaryny...

«Türkmengaz» DK-nyň ekspozisiýasy dünýä jemgyýetçiligini energetika syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrýar

10-njy fewralda Hindistanyň paýtagtynda «PetroTech-2019» Halkara nebitgaz maslahaty we sergisi öz işine başlady. Sergini Hindistanyň hökümetiniň Nebit we tebigy gaz ministrliginiň resmi taýdan goldamagy esasynda Hindistanyň nebit we tebigy gaz çykarmakda öňdebaryjy kompaniýasy bolan «ONGC», Hindi nebit senagaty Federasiýasy (FIPI) gurnady. Foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Nýu-Deli şäherine türkmen wekiliýeti geldi. «PetroTech-2019»...

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny çekmek boýunça kanunçylygy kämilleşdirmegi tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisinde deputatlar düzümi bilen geçiren duşuşygynda milli ykdysadyýete daşary ýurt maýadarlarynyň hem, öz telekeçilerimiziň hem maýa goýumlaryny çekmegiň kanunlaryny kämilleşdirmegiň zerurdygy hakynda belledi. Duşuşykda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy. Maksatnamada göz öňünde tutulan ägirt uly özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek, bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, olaryň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyna,...

Nebit arzanlaýar: «Brent» - $61,2, «WTI» - $52,21

ABŞ bilen Hytaýyň söwda gatnaşyklarynyň ýitilişmeginden howatyrlanmanyň netijesinde 8-nji fewralda nebitiň dünýä boýunça bahalary aşaklaýar. Moskwa wagty bilen 7:42-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,7 göterim aşaklap, 61,2 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,82 göterim arzanlap, 52,21 amerikan dollaryna barabar boldy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň HHR-iň ýolbaşçysy Si Szinpin bilen duşuşygynyň...

Ýewrokomissiýa «Brent» söwda belgili nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny pese düşürdi

Ýewrokomissiýa täze ykdysady çaklamasynda «Brent» söwda belgili nebitiň 2019-njy ýyl üçin ortaça bahasynyň barrel üçin 61 dollar bolmagyndan ugur aldy. Güýzde çaklama has ýokary, ýagny — barrel üçin 80,6 dollara deňdi. Bu barada komissiýanyň gyşky çaklamasynda habar berilýär. «Çaklamanyň esasynda durýan käbir tehniki elementler» atly bölümde habar berlişi ýaly, çaklama bazaryň şol wagtky garaşýan ýagdaýlaryny şöhlelendirýän...

Şanhaýyň biržasynda gazyň söwdasy 2018-nji ýylda rekord derejä ýetdi

Şanhaýyň nebitgaz biržasynda (SHPGX) tebigy gazyň söwdasy 2018-nji ýylda rekord derejä ýetdi. Bu ösüş Hytaýyň arassa energiýa bolan ägirt uly islegi bilen şertlenendir. Biržada 60,46 mlrd kub metr möçberdäki tebigy gazy almak-satmak boýunça geleşikler baglaşyldy. Bu görkeziji ilkinji gezek 60 mlrd kub metr derejeden geçdi. Şol sanda turba geçiriji gaz bilen geleşikleriň möçberi 55,54 mlrd kub...

Türkmenistanda rus işewürliginiň hereket etmegi üçin oňat şertler döredilendir — Lawrow

Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ýurtda rus işewürliginiň hereket etmegi üçin döredilýän şertler üçin Türkmenistanyň hökümetine minnetdarlyk bildirdi, diýip TASS habar berýär. «Biz bu ýerde rus işewürliginiň hereket etmegi üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berýändikleri üçin türkmen dostlarymyza minnetdardyrys» diýip S.Lawrow Aşgabatda türkmen kärdeşi R.Meredow bilen geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça belledi. «Kamaz», «Tatneft» ýaly...

2014