Habarlaryň arhiwi (2017-10-20)

«Rosneft» eýran we orta aziýa nebitini dünýä bazarlaryna çykarmaklyga gatnaşmak isleýär — Seçin

Ýakyn Gündogardaky taslamalar «Rosnefti» ösdürmegiň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar, diýip Interfaks habar berýär. «Biz Eýranda taslamalary maslahatlaşýarys. Bu ýerde biz diňe bir gözlemek hem-de çykarmak boýunça taslamalara gatnaşmak bilen çäklenmek islemeýäris, biz eýran hem-de orta aziýa nebitiniň dünýä bazarlaryna netijeli çykarylmagy üçin zerur şertleri döretmek isleýäris» diýip kompaniýanyň ýolbaşçysy Igor Seçin Ýewraziýa ykdysady forumynda belledi....

14–15-nji noýabrda Aşgabatda Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow geçen penşenbe günni geçirilen hökümet mejlisinde 14–15-nji noýabrda Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatyny (RECCA VII) geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Häzirki wagtda iki goňşy döwletiň daşary syýasat edaralary tarapyndan bu maslahata taýýarlyk görmek boýunça bilelikdäki işler alnyp barylýar. Guramaçylyk we beýleki degişli meseleleri üstünlikli...

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017» forumy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy işjäňleşdirmäge gönükdirilendir

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Babaýew şu ýylyň 2-4-nji noýabry aralygynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017» atly XXII halkara maslahatyny hem-de sergisini guramaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Garaşylyşy ýaly, ykdysady gözden geçirilişe dünýäniň köp ýurtlaryndan hünärmenler, şol sanda nebitgaz kompaniýaniýalaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, halkara guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň...

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň hünärmenleri tebigy betbagtçylyklaryň howpuny gowşatmak boýunça tejribe alyşdylar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň maslahatlar zalynda tebigy betbagtçylyklaryň howpuny gowşatmak boýunça türkmen-ýapon seminary geçirildi. Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda bellenilişi ýaly, bu forum,  «Aşgabat şäheriniň we onuň töwereklerindäki territoriýalarda seýsmiki gözegçilikleriň kämilleşdirilmegi» atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we fiziki atmosfera institutynyň  we Ýapon halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň  (JICA) birikmeginde guraldy. Seminaryň işlerinde, bilelikdäki taslamanyň wekillerinden başga-da üç...

2014