Habarlaryň arhiwi (2017-10-2)

Ýokary derejeli türkmen-russiýa gepleşikleriniň netijeleri boýunça döwletara resminamalar toplumyna gol çekildi

Ýokary derejeli türkmen-russiýa gepleşikleri tamamlanandan soň ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putiniň gatnaşmagynda: Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Krasnodar ülkesiniň Administrasiýasynyň arasynda Ylalaşyga; Mary şäheriniň häkimligi (Türkmenistan) bilen «Orýol şäheri» munisipal birleşiginiň dolandyryş edarasynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda Mary şäheri bilen Orýol şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola...

Türkmenistanyň ÝET-niň wekiliýeti we «Tatneft» kompaniýasynyň wekilleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Ýangyç-energetika toplumyna ýolbaşçylyk edýän wise-premýer Maksat Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Tatneft» kompaniýasynyň Nižnekams we Almetýew şäherlerindäki önümçilik desgalaryna baryp gördüler. Bu barada «Tatneft» saýtynda habar berilýär. Iki günlük saparyň barşynda «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýolbaşçylary «Tatneft» kompaniýasynyň baş...

Türkmenistanyň wekiliýeti Kazanyň geologiýa we nebitgaz tehnologiýalary institutynyň iş tejribesi bilen tanyşdy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Maksat Babaýew anna güni geçen hökümet mejlisiniň barşynda 22-24-nji sentýabry aralygynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Saparyň barşynda wekiliýetiň agzalary Kazan Federeal uniwersitetiniň Geologiýa we nebitgaz tehnologiýalary institutynyň ylmy-barlag işi hem-de okuw binýady bilen tanyş boldular. Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda...

Nebitiň bahalary peselýär: Brent - $56,54, WTI - $51,51

Brent kysymly nebitiň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy 2-nji oktýabrda 7:48 wagta çenli ýagdaýa görä, 25 sent (0,4 göterim) aşaklap – barreli 56,54 dollara deň boldy. WTI kysymly nebitiň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy 16 sent (0,3 göterim) ýokarlanyp, barreli 51,51 dollara deň boldy. 29-njy sentýabrdaky söwdalaryň netijeleri boýunça Brent kysymly nebitiň noýabrdaky şertnamasynyň bahasy Londondaky ICE Futures biržasynda 0,13...

Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-russiýa gepleşikleri dowam edýär

«Oguzhan» Prezident Köşkler toplumynda ýokary derejedäki türkmen-russiýa gepleşikleri dowam edýär. Olar ikiçäk görnüşde başlandy, soňra giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdi. Russiýanyň Prezidentiniň şu saparyna Türkmenistanda iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň hem-de olary hil taýdan baýlaşdyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr hökmünde garalýar. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklar döwletara hyzmatdaşlygyna hemişe gerekli depginleri...

Aşgabatda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň arasynda gepleşikler başlandy

«Oguzhan» Prezident Köşkler toplumynda merkezi girelgäniň öňünde rus kärdeşi Wladimir Putini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady. Iki ýurduň Liderleri dostlarça görşüp, «Oguzhan» zalyna geçdiler. Ol ýerde belent mertebeli myhmanyň resmi garşylanyş dabarasy geçirildi. Hormat garawulynyň rotasynyň serkerdesi hasabat bereninden soň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow rus kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary...

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen Aşgabada geldi

Şu günüň ikinji ýarymynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin paýtagtymyza resmi sapar bilen geldi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde RF-niň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Belent mertebeli myhmanyň gelmeginiň hormatyna uçaryň ýanyndan gaýdýan haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinden Russiýanyň Prezidentiniň ulag kerweni “Oguzhan” Prezident Köşkler toplumyna tarap ugrady. Bu duşuşygyň gün tertibine syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim ulgamlarynda,...

«Marynebitgazgözleg» müdirligi gözleg işlerini üstünlikli alyp barýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» müdirliginiň hünärmenleri Çelekbaý meýdançasynyň 1-nji guýusynda 4548-4556 metr çuňlukda günlük debiti 1 million kub metre deň bolan tebigy gazyň senagat akymyny aldylar. Şeýle hem 4511-4503 metr çuňlukda barlag işleri geçirildi we netijede günlük debiti 1 million 27 müň kub metr gaza deň bolan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Bu müdirligiň hünärmenleri welaýatyň beýleki...

2014