Täzelikler

Türkmenistan we Bahreýn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň arasynda ikiçäk derejede, şeýle hem iki ýurduň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Duşuşykda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Bahreýn Patyşalygy depginli ösýän, tebigy baýlyklary bolan, geografiýa taýdan amatly...

Bahreýniň Patyşasy Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi

Ýekşenbe güni agşam Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa türkmen paýtagtyna döwlet sapary bilen geldi. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we şu gün ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçiriler. Taraplar şu gezekki ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde özara hormat goýmak we hoşniýetli erk-isleg ýörelgeleri esasynda...

«Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri Bahreýniň GPIC kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk baglanyşdylar

Geçen şenbe güni Aşgabatda türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçirildi. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistana Bahreýn Patyşalygynyň işewürler toparynyň wekilleriniň ähmiýetli wekiliýeti geldi. Duşuşyk Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa türkmen paýtagtyna döwlet sapary öň ýanynda gurnaldy. Işewürler maslahatyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem hususy pudagyň kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylaryň çykyşlarynda...

Geçen häpdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini, dizel ýangyjyny, owganystanly işewürler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny satyn...

OPEC nebit öndürijileri 2019-njy ýylda hem bu bazaryň durnuklylygyny saklamagy goldamaga çagyrdy

OPEC nebit öndürijileri 2019-njy ýylda hem bu bazaryň durnuklylygyny saklamagy goldamaga çagyrdy, bu barada OPEC-iň aýlyk hasabatynda aýdylýar. «2019-njy ýylda nebite bolan islegiň kesgitli depginler bilen artmagyna garaşylýandygyna garamazdan, ol heniz hem gurama girmeýän döwletlerde şu ýyl üçin nebitiň çykarylyşynyň garaşylýan ösüşinden aşakda. Bu ähli öndüriji döwletleriň bazarda durnuksyzlygyň gaýtalanmagynyň öňüni almakda we 2019-njy ýylda hem...

Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek ulgamynda hyzmatdaşlyk — hazarýaka döwletleriniň bilermenleriniň üns merkezinde

14-15-nji martda  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň «Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň»  taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak boýunça birinji mejlisi öz işine başlady. Bu çäre ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy. Oňa Azerbaýjan Respublikasynyň,...

Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygyny işjeňleşdirmeli – Gyrgyzystanyň Prezidenti

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň bellemegine görä, Türkmenistandan Hytaýa barýan gaz geçirijiniň goşmaça ugrunyň gurluşygyny işjeňleşdirmeli. SPUTNIK Täjigistan agentliginiň habar berşi ýaly, bu barada Gyrgyzystanyň Baştutany ýurduň daşyndaky edaralaryň ýolbaşçylary bilen geçirne duşuşygynda belledi. Garaşylmagyna görä, Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasy (D) Türkmenistan-Özbegistan – Täjigistan – Hytaý ugry boýunça çekiler. Häzirki wagtda bu gaz geçirijisiniň...

Nebit soňky dört aýda iň ýokary nyrhda satylýar, «Brentiň» bahasy 67,83 dollar

Nebitiň etalon görnüşleriniň bahalary penşenbe güni dördünji sessiýa bäri ýokarlanmagyny dowam edip, soňky dört aýda iň ýokary derejesine ýetdi. Ýokary galyş ABŞ-da ýangyç ätiýaçlyklarynyň garaşylmadyk ýagdaýda çäklendirilmegi we OPEC ylalaşygynyň möhletiniň uzaldylmagynyň mümkinliginiň netijesinde boldy, diýip Interfaks habar berýär. Moskwa wagty bilen 8:10-da Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,41 göterim...

Astanada Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

Astanada Ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak hökümetara toparynyň nobatdaky 10-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar 2017-nji ýylyň 3-nji maýynda geçirilen toparyň 9-njy mejlisiniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar Toparyň işi söwda-ykdysady, energetika we...

Aprel aýynda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana saparynyň bolmagyna garaşylýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda iki ýurduň daşary işler ministrleriniň derejesinde geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana sapar bilen gelmegine garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Koreýa Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Daşary işler ministriniň orunbasary Ýun Sun-Gu ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, döwlet baştutanlarynyň özara saparlary ikitaraplaýyn...

ABŞ-nyň slanesli nebit öndürijileri OPEC+ ýurtlaryny nebit çykarylyşyny çäklendirmegi dowam etmäge çagyrýar – OPEC-iň Baş sekretary

ABŞ-nyň slanesli nebit öndürijileri OPEC+ ýurtlarynyň nebit çykarylyşyny çäklendirmek baradaky çözgüdinden bähbit tapdylar, olar nebit bazaryny durnuklaşdyrmak boýunça tagallalary dowam etmäge çagyrýarlar, diýip OPEC-iň Baş sekretary Mohammed Barkindo IHS Market tarapyndan gurnalan Ceraweek maslahatynyň çäklerinde žurnalistlere habar berdi. Öň M.Barkindo bu pudagyň wekilleri bilen duşuşyk geçiripdi. «Nebit bazarynda durnuklylyk diňe bir OPEC we OPEC däl döwletler üçin...

Yslamabatda syýasy geňeşmeleriň netijeleri boýunça resminamalaryň toplumyna, şol sanda TOPH boýunça resminamalara gol çekildi

12-nji martda Pakistan Yslam Respublikasyna saparynyň barşynda wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi tarapyndan kabul edildi, daşary işler ministleriniň, ministrlikleriň we edaralaryň arasyndaky syýasy geňeşmeleri geçirdi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň toplumyna, şol sanda TOPH boýunça resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Pakistanyň...

Astanada hökümetara türkmen-gazak toparynyň onunjy mejlisi geçirilýär

2019-njy ýylyň 10-13-nji martynda Astanada geçirilýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň onunjy mejlisinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Duşuşygyň gün tertibine — söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri, şertnama-hukuk binýadynyň ösüşi, gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk, peýdaly gazylyp alynýan serhetara känleri işläp taýýarlamak, oba hojalygy, ulag, daşky gurşaw we balyk hojalygy meseleleri girizildi. Türkmenistan we Gazagystan Merkezi...

Yslamabatda türkmen-pakistan gepleşiklerinde TOPH gaz geçirijisi we beýleki taslamalar boýunça işleri işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylar

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 11 — 13-nji mart aralygynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherine gulluk iş saparyny amala aşyrar. Iş saparynyň barşynda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. Degişli resminama Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepde geçirilen hökümet mejlisinde gol çekdi. Mejlisde habar berlişi ýaly,...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna jinsi mata, hojalyk we mebel pamygy, nah ýüplük, pagta linti ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: RF,...

2014