Habarlaryň arhiwi (2017-10-16)

Nebit gymmatlaýar: Brent - $57,79, WTI - $51,87

16-njy oktýabrda 8:15 wagta çenli ýagdaýda Brent kysymly nebitiň dekabrdaky fýuçersleriniň bahasy Londondaky ICE Futures biržasynda 0,62 dollar (1,08 göterim) ýokarlanyp, barreli 57,79 dollara deň boldy. Ondan öňki söwdalaryň barşynda şertnama 0,92 dollar (1,64 göterim) gymmatlap, barreli 57,17 dollara deň boldy, diýip rus Nebitgaz habarlary agentligi habar berýär. WTI kysymly nebitiň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy Nýu-Ýorkdaky NYMEX...

«Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň bahasy kesgitlenildi

«Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň bahasy 41,5 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar. Bu barada «Günorta gaz geçelgesi» ÝGPJ-niň ýolbaşçysy Afgan Isaýew Bakudaky Argus 2017 Halkara nebit sammitinde aýtdy. Maliýeleşdirmegiň şu möçberiniň 11,8 milliard dollary Azerbaýjanyň paýyna düşýär. Şu möçberden 7,8 milliard dollar bölünip berildi. «Şah Deňiz-2» taslamasynyň bahasy 23,9 milliard dollara barabar. Bu möçberden 16,4 mlrd dollar maliýeleşdirildi, taslamanyň...

ÝHHG-niň ýardamynda geçirilen Akademik forum Owganystan bilen ykdysady hyzmatdaşlyga gönükdirilýär

Hökümet düzümleriniň wekilleri, diplomatlar, şeýle hem Merkezi, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň ylmy barlag institutlarynyň we ykdysady toplumynyň bilermenleri geçen hepdede ÝHHG-niň goldaw bermeginde Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII Ministrler maslahatynyň (RECCA VII) çygrynda Akademik foruma gatnaşdylar. Bu barada ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň saýtynda habar berilýär. Bu möhüm çäre Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň Strategik barlaglar...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede birža söwdalarynda eksport geleşikleriniň bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryna barabar boldy. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Türkiýeden, Pakistandan, Latwiýadan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen flanel matasyny, ýüplügi we nah matanyň galyndylaryny, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy...

2014