Täzelikler

GDA döwletleriniň alymlary täze Beýik Ýüpek bolunyň ösüş mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

15-nji maýda Aşgabatda öz işine başlan GDA döwletleriniň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň çäklerinde geçirilen panel diskussiýasyna gatnaşyjylar täze Beýik Ýüpek bolunyň ösüş mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar, diýip ORIENT habar berýär. — Häzirki wagtda hut täze Beýik Ýüpek ýoly hakynda gürrüň etmeli. Çünki ol Aziýanyň möhüm orun eýelejek mümkin bolan täze dünýä tertibiniň nusgasy bolup durýar –...

Astrahanda Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing geçirildi

Ýakynda Russiýanyň Astrahan şäherindäki Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) konsullygy Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Eýranyň diplomatlary bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap brifing geçirdiler, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.   Brifinge Astrahan oblastynyň Halkara we daşary ykdysady...

Ýerewanda Hazarda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Ýerewan döwlet uniwersitetinde (ÝDU) «Hazar deňzi - mümkinçilikleriň deňzi» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Ýerewan döwlet uniwersiteti bilen bilelikde gurnalan maslahat 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyldy, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Dabaraly çärä Ermenistanda akreditirlenen daşary ýurtlaryň we halkara gurmalarynyň diplomatik...

Türkmenistanyň Prezidenti we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna 2019-njy ýylda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň arasynda geçirilen duşuşykda Arkalaşygyň çäklerinde ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Myhman GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Arkalaşygyň çäklerinde ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge...

Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek GDA-nyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir — Sergeý Lebedew

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň gatnaşyjy-döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedigini nygtady, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Myhman şeýle hem Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Arkalaşygyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belläp geçdi. Duşuşygyň...

Türkmenistan we Eýran özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýykgyn edýär — DIM

13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif bilen duşuşyk geçirildi, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Gepleşikleriň barşynda taraplar derwaýys meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlarynda özara bähbitli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösdürilmegi boýunça tagallalaryny tassykladylar....

Türkmenistanyň Prezidenti we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy ulag, ýangyç-energetika toplumynda we Hazarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Myhman Türkmen Liderine öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň aýdan mähirli salamyny ýetirdi. Olar ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini nobatdaky gezek tassykladylar. Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly döwletiň ýolbaşçylaryna özüniň iň oňat arzuwlaryny aýdyp, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen berkidilen...

Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny maslahatlaşar

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem sebit meseleleri boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana geljek wekiliýete ýolbaşçylyk eder. Bu barada ORIENT habarlar agentligi Eýranyň HBS-lerine salgylanyp habar berýär. Türkmenistandan Eýrana gaz ibermekligi dikeltmek — mümkin bolan temalaryň hatarynda durýar. Eýran metbugatynyň berýän habarlaryna görä, resmi saparyň dowamynda Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy...

Geçen häpdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny we polipropileni satyn aldylar. Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni, Türkiýe Respublikasynyň işewür...

Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Х Halkara gaz kongresine taýýarlygy maslahatlaşyldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde 21 — 22-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Х Halkara gaz kongresini geçirmäge görülýän taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Wise-premýer M.Meredowyň öz hasabatynda belleýşi ýaly, forumyň gün tertibine dünýäniň gaz bazarynyň geljekki ösüş ugurlary, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —...

Türkmenistanda Ýeňiş güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi

Türkmenistanda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi. 9-njy maýda irden «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň etegine türkmenistanlylar gül desselerini goýdular. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Baky şöhrat» ýadygärliginiň etegine Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gül sebedi goýuldy. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, zähmetkeş toparlarynyň wekilleri,...

«Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy döredijilik duşuşygyny geçirdi

Ýakynda «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewa bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda zenan şahyra iri infrastruktura taslamasynyň — Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ugrunyň şekillendirilen suraty sowgat berildi. Bu gaz geçirijisiniň gurluşygy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen häzirki wagtda üstünlikli alnyp...

Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen gutlady

Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi giňden dabaralandyrýan şanly senedir – diýlip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna ýüzlenmesinde bellenilýär. 2019-njy ýylda biz Ýeňiş baýramyny medeni-jemgyýetçilik çäreleri, watansöýüjiligi we gaýduwsyzlygy terbiýeleýän duşuşyklar, beýik işlere ruhlandyrýan...

Rumyniýada I Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan «tegelek stol» geçirildi

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy Buharestiň Ykdysady ylymlar akademiýasy bilen bilelikde mugallymlar we talyplar üçin «tegelek stol» duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda diplomatlar 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy barada gürrüň berdiler, diýip ORIENT habarlar agentligi habar berýär. Bu çärä Akademiýanyň ýolbaşçylary, halkara işewürlik we ykdysadyýet fakultetiniň hem-de beýleki fakultetleriň professorlary hem-de...

Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyk netijeli röwüşde geçdi – RF-iň wise-premýeri Konstantin Çuýçenko

Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyk örän netijeli röwüşde geçdi. Bu barada RF-iň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenko ORIENT habarlar agentligine beren interwýusynda belledi. — Biz Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy jikme-jik maslahatlaşdyk. Biz energetikada, gaz ulgamynda, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini gürleşdik. Geljek ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň artmagyny üpjün etjek ileri tutulýan ugurlary kesgitledik – diýip...

2014