Habarlaryň arhiwi (2018-3-7)

Aşgabatda «Arkadag taglymaty — sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady» atly kitabyň tanyşdyrylyşy boldy

Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde hem-de köp sanly edara-kärhanalarynda «Arkadag taglymaty — sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady» atly kitabyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Dabaraly çäreler Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem geçirildi. dabara ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, täze neşiriň maksady Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler...

Hytaýyň ilatyna köp möçberde gaz gerek

Hytaý tebigy gazyň importuny düýpli artdyrmak boýunça meýilnamalary taýýarlaýar. Çünki soňky ýyllarda bu ýurtda ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň sarp edilişiniň düýpli ýokarlanmagyna gözegçilik edilýär. ORIENT habarlar agentliginiň bellemegine görä, Hytaýyň Ösüş işleri we özgertmeler boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy He Lifen žurnalistler bilen gürrüňdeşlikde diňe geçen ýylda Hytaýyň ilatyna 237 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz berlipdir,...

Awazada «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly halkara okuw maslahaty geçýär

2018 nji ýylyň 5-nji martynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Ol Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara umman instituty (HUI) bilen bilelikde guraldy. Maslahata Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň...

Aşgabatda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

2018-nji ýylyň 5-nji martynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-russiýa toparynyň şygary astynda hereket edýän Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki topar öz işine başlady. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rus tarapynyň wekiliýetiniň düzümine döwlet düzümleriniň, dürli pudaklarda işleýän iri kärhanalaryň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylary, Söwda we maýa goýum...

2014