29-njy martda geçirilen hökümet mejlisinde döwlet syýasatynyň içerki möhüm meselelerine, milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşyna garaldy. Şol sanda ýurduň ýangyç-energetika toplumyny (ÝET) ösdürmegiň ugurlary maslahatlaşyldy. Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de ösdürmäge, ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga, ony diwersifikasiýalaşdyrmaga, nebit hem-de gaz, himiýa önümleriniň öndürilýän möçberlerini we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilen iri...