Habarlaryň arhiwi (2018-3-27)

Aşgabatda türkmen-eýran resminamalarynyň toplumyna gol çekildi

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2018 — 2020-nji ýyllarda medeniýet, sungat, ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Söwda hyzmatdaşlygy barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň...

Türkmenistanyň we Eýranyň döwlet Baştutanlary Hazarda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek meselelerini maslahatlaşdylar

Şu gün Aşgabatdaky Ruhyýet köşgünde ikiçäk görnüşde ýokary derejede türkmen-eýran gepleşikleri geçirildi. Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň Liderleri türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de geljekki meýiller babatda onuň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Taraplar duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän...

TOPH gaz geçirijisi Aziýada hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam edýär

Yslamabatda Pakistan bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi. Maslahatda bellenilişi ýaly, Owganystandaky ýagdaýyň kadalaşdyrylmagy sebitde hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine täzeçe itergi berip biler, diýip Orient habarlar agentligi belleýär. Şu jähtden gurluşygy dowam edýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda özara gatnaşyklary ýola goýmakda düýpli goşant goşjak geljegi uly...

23-24-nji maýda Awazada Türkmenistanyň 9-njy Halkara gaz kongresi geçiriler

Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 23-24-nji maýda Awazada Türkmenistanyň 9-njy Halkara gaz kongresi geçiriler. Nobatdaky gaz forumynda daşary ýurtly wekilleri Türkmenistanyň gaz serişdeleriniň ösüşiniň ägirt uly mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, milli we sebit gaz senagatyna halkara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny we gönüden-göni daşary ýurt maýalarynyň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Iri halkara forumy «Berkarar» myhmanhanasynda geçiriler. Şeýle hem myhmanlar «Gämi»...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, az kükürtli ýangyçlyk mazuty satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna arassalanan pagta ýagy, ýorgan-düşek daşy, hojalyk pamygy, nah ýüplük, portlandsement we dürli harytlary gaplamaga niýetlenen serişdeler...

2014