Habarlaryň arhiwi (2018-3-26)

27-28-nji martda Aşgabatda ýokary derejede türkmen-eýran gepleşikleri geçiriler

24-nji martda geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň 27 — 28-nji martda ýurdumyza boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň gün tertibine türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryndaky meseleler giriziler. Gepleşikleriň netijesi boýunça möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Türkmen...

Nebitiň bahalary aşaklaýar: «Brent» - $70,30, «WTI» - $65,59

2018-nji ýylyň 26-njy martynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,2 göterim aşaklap, 70,30 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,4 göterim arzanlap, 65,59 amerikan dollaryna barabar boldy. Geosyýasy howplaryň netijesinde nebitiň bahalary gymmatlady. Şol bir wagtda «Brent» söwda belgili nebitiň bahasy 29-njy ýanwardan bäri ilkinji gezek 70 dollardan geçdi. Anna güni söwdalaryň...

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlawlar boldy

25-nji martda Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalygyna saýlawlar geçirildi. Bu gezekki saýlawlara ägirt uly taýýarlyk işleri geçirildi. Hususan-da, welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 489-sy, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 2570-si, Geňeşleriň agzalygyna bolsa dalaşgärleriň 13 müň 215-si we syýasy partiýalardan we raýatlar toparlaryndan Mejlisiň...

2014