Habarlaryň arhiwi (2018-3-15)

Abu-Dabide türkmen-emirlikler gepleşikleriniň netijeleri boýunça resminamalaryň giň toplumyna gol çekildi

Şu gün Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy Türkmenistanyň Prezidentiniň şu saparyna ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak babatda möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Bellenilişi...

Sekiz we ondan köp perzendi dünýä indirip, terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen sekiz hem ondan-da köp perzendi dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» hormatly ady dakyldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda mynasyp zähmet çekýän köp sanly gahryman eneleriň arasynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň zähmetkeşleri hem bar. Şeýle gahryman-eneleriň biri Amangül Annaberdiýewa. Hormatly ene ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň «Nebitgazhyzmat»...

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary başlandy

Çarşenbede günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýtde gepleşikleri tamamlap, resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine geldi. Şol gün hem döwlet Baştutany BAE-niň ýolbaşçylar düzümi bilen duşuşyklary geçirdi, diýip Türkmensitanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň Wise-prezidenti we Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Muhammed Bin Raşid Al-Maktum bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda birek-birege...

2014