Habarlaryň arhiwi (2018-3-14)

Türkmenistanyň Prezidenti we Kuweýtiň DIM-niň ýolbaşçysy maýa goýum, söwda-ykdysady, energetika ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

Resmi sapar bilen Kuweýtde bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri, Arap Ykdysady ösüşi boýunça Kuweýt Gaznasynyň dolandyryjylar Geňeşiniň başlygy Şeýh Sabah Haled Al-Hamad Al-Sabah bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi belleýär. Türkmen Lideri Türkmenistanyň we Kuweýtiň ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriň...

Türkmenistanyň Prezidenti we Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri türkmen-kuweýt hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Resmi sapar bilen Kuweýtde bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri Jaber Al-Mubarak Al-Hamad Al-Sabahyň geçiren duşuşygynda türkmen-kuweýt gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de meýilleşdirilýän ugurlary barada pikir alyşdylar. Özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly kuwwatyň bardygy bellenip, iki ýurduň arasynda ykdysady we medeni gatnaşyklary ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň şu...

Türkmenistan we Kuweýt ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň toplumyna gol çekdiler

13-nji martda El-Kuweýtde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Kuweýt Döwletiniň Emiri — Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň toplumyna gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Hususan-da, Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-kuweýt toparyny döretmek hakynda; Diplomatik we gulluk/ýörite pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda; Ykdysady we tehniki...

2014