Habarlaryň arhiwi (2018-3-13)

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Kuweýt Döwletiniň Emiriniň arasyndaky duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi

Ýokary derejede geçirilen türkmen-kuweýt gepleşikleri ikitaraplaýyn, şeýle hem BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny açýar, diýip şu gün El-Kuweýtde geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah bellediler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi belleýär. Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky meselä degip geçip, munuň diňe bir...

Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň taslamasy maslahatlaşylýar

Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň taslamasynyň tehniki ugurlaryny ylalaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň üçünji mejlisi öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Mejlis Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy bilen bilelikde...

Kuweýtde we BAE-de söwda-ykdysady ýangyç-energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ugurlary maslahatlaşylar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kuweýt döwletine resmi sapary başlanýar. Sapar tamamlanandan soň, Döwlet Baştutanymyz resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine barar. El-Kuweýtde we Abu-Dabide geçiriljek gepleşikleriň çäklerinde taraplar deňlik, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň hem-de hoşniýetli erk-islegiň esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir...

Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin telefon arkaly türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny kesgitlediler hem-de dürli ulgamlarda özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler. Bu babatda Bilelikdäki hökümetara toparyna hem-de...

2014