Habarlaryň arhiwi (2017-12-4)

Nebitiň bahalary aşaklaýar: Brent - $63,37, WTI - $57,92

Duşenbe güni, 4-nji dekabrda 7:54 wagta çenli ýagdaýda «Brent» söwda belgili nebitiň fewraldaky fýuçersleriniň bahasy 36 sent (0,6 göterim) aşaklap, barreli – 63,37 dollara deň boldy. WTI söwda belgili nebitiň ýanwardaky şertnamasynyň bahasy 44 sent (0,75 göterim) arzanlap, barreli 57,92 dollara deň boldy, diýip rus Nebitgaz habarlar agentigi habar berýär. 1-nji dekabrdaky söwdalaryň netijeleri boýunça «Brent»...

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk çäreleri başlandy

Şu gün 4-nji dekabrda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk çäreleri başlandy. Bu çözgüt Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň geçen şenbe güni geçirilen mejlisinde kabul edildi. Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirmek bellenildi. Şol gün şeýle hem welaýat etrap we şäher halk maslahatlarynyň...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler ýodlandyrylan kaliý (Türkmenhimiýa DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna mata we nah ýüplükler, jinsi matalar, pagta-süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Şweýsariýa, Türkiýe, Ukraina we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 million 215...

2014