Habarlaryň arhiwi (2017-10-4)

Türkmenistan we Çili hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ýokary derejedäki saparlary guramaga gyzyklanma bildirýärler

Türkmenistan we Çili gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin ýokary derejedäki saparlary gurnamaklyga gyzyklanma bildirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Çili Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara ş.) jenap Hose Manuel Silwa bilen geçirilen duşuşykda bellenildi, diýlip daşary syýasat edarasynyň saýtynda bellenilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň we mümkinçilikleriniň ösüşini maslahatlaşyp,...

I.M.Gubkin adyndaky Russiýanyň döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistandaky pudaklaýyn ÝOM-uň enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdiler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň we Russiýa Federasiýasynyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar bilim, hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu uniwersitetiň dürli fakultetlerinde bolup görüp, myhmanlar onuň okuw we önümçilik işiniň gurnalyşy bilen tanyşdylar. Olar bu ýokary okuw mekdebiniň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň dünýä ülňülerine...

Brentiň bahasy ýylyň ahyrynda barreli üçin 55 dollara deň bolar – Saxo Bank

Nebit bazary 2014-nji ýylda teklibiň agdyklyk etmegi netijesinde güýçli pese düşmeden geçen döwürden bäri 2017-nji ýyly iň gowy görkeziji bilen jemläp biler, diýip Saxo Bank-yň haryt-çig mal bazarynda strategiýa bölüminiň ýolbaşçysy, bilermen Ole Slot Hansen aýtdy. Bu barada Trend habar berýär. «OPEC-iň we beýleki döwletleriň nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça şu ýyl amala aşyran çäreleri ahyrynda täsirini...

2014